BSGG ýurtlary çilimkeşlige garşy göreşe has köp maýa goýmaga çagyrýar

  • 19.11.2021 14:41
  • 5.2k+

Dünýäde temmäkini sarp edijileriň sany 2015-nji ýyldaky 1,32 mlrd adamdan 2020-nji ýylda 1,3 mlrd adama çenli azaldy. BSGG-niň hünärmenleri 2025-nji ýyla çenli bu görkezijiniň 1,27 mlrd adama çenli azalmagyna umyt bildirýärler we ýurtlary zyýanly endige garşy işjeň göreşmäge çagyrýarlar. Bu barada news.un.org belleýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň täze hasabatynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýyla çenli temmäkiniň sarp edilişini 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, otuz göterim azaltmak maksadyna 60 ýurt ýetýär. Iki ýyl mundan ozal şeýle üstünlik bilen diňe 32 ýurt öwnüp bilýärdi.
Hasabatyň awtorlary geçen ýyllarda temmäkiniň ulanylyşyna gözegçilik boýunça toplumlaýyn çäreleriň millionlarça adam ömrüni halas etmäge kömek edendigini belleýärler. 

BSGG-niň pikiriçe, gazanylan netijeler görülýän çäreleriň netijeliligini görkezýär we ýurtlara temmäki bilen göreşmegiň olaryň ahlak borjudygyny ýatladýar. Hususan-da, bu maksatlar üçin adam başyna 1,68 dollar sarp etmek teklip edilýär. Ýagny, gürrüň çilim çekmegi taşlamak isleýänler üçin mugt gyzgyn liniýalar we bu adamlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýaly ädimler baradadyr.
Şeýlelik bilen, hünärmenler 2030-njy ýyla çenli ýene 152 mln adamyň zyýanly endikden ýüz öwürjekdigine ynanýarlar. 
Hasabatyň maglumatlary boýunça, 2020-nji ýylda dünýä ilatynyň 22,3 göterimi temmäki ulandy – ýagny, erkekleriň, takmynan, 40%-i we aýallaryň 8%-i. 13 – 15 ýaş aralygyndaky, takmynan, 38 mln çaga – 13 mln gyz we 25 mln oglan –temmäkä baş goşdy. Köp ýurtlarda çagalara çilim satmak gadagan edilýär. BSGG çagalaryň çilim çekmek meselesini doly ýok etmegi maksat edinýär.

2020-nji ýylda çilim çekýän aýallaryň sany 231 milliona ýetdi, bular, esasanam, 55 – 64 ýaş aralygyndaky aýallardyr. Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň 18 göterimi temmäki ulanýar, bu bolsa dünýäniň beýleki sebitlerine garanyňda köpdür.
Hasabata soňky otuz ýylda ýurtlarda geçirilen pikir soraşmanyň maglumatlary girizildi. Olar dünýä ilatynyň 97 göterimini gurşap alýar. Ýöne gürrüň elektron çilimleriniň däl-de, temmäki önümleriniň ulanylyşy barada gidýär. 


05.04.2026 19:39
1.1k+

TDBSI-de sport we sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça halkara maslahat geçirildi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — halkara sport hyzmatdaşlygynyň we sagdynlygyň mekany» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Sanly ulgam arkaly......

28.03.2026 01:10
7.1k+

Türkmenistanda aprel aýyna birnäçe çäreler meýilleşdirilýär

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aprel aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen esasy çäreleriň Tertibi maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi....

22.03.2026 21:14
14k+

Hytaýda artykmaç agramyňy ete «çalyşmak» aksiýasy geçirilýär

Hytaýyň Szýansu sebitindäki ýaşaýjylara horlanylan her 0,5 kg agramy üçin sygyr etiniň önümlerini (dil, guýruk we iç-goşlary) sowgat berýän täze aksiýa yglan edildi. South China Morning Post neşiriniň habar bermegine görä, şeýle aksiýa 9-njy martda Usi şäheriniň Lýansi raýonynyň Şanbeý obasynda başlandy we 20-nji marta çenli dowam etdi...

17.03.2026 20:39
775

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...