Google Maps köçelerdäki adamlaryň sanyny kesgitläp biler

  • 18.11.2021 18:18
  • 8k+

Google Maps hyzmatynda ulanyjynyň barýan ýeriniň dyknyşyk ýagdaýyny öwrenmek üçin täze bir funksiýa peýda bolar. Ol ulanyja diňe bir barýan ýeriniň näderejede dyknyşykdygy duýdurylman, eýsem, ýeriň özi we adam sany barada-da maglumat berer. Muny Infonex-e salgylanyp, msn.com habar berýär.

Google-yň analitikleriniň pikiriçe, täze aýratynlyk dürli köpçülik ýerlerine, restoranlara we beýleki edaralara barýanlara şol ýeriň dyknyşygy barada öňünden bilmäge we gerek bolsa, sowlup geçmäge kömek eder. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda bu has-da möhüm diýip, çeşme belleýär.
Häzirki wagtda bu täze funksiýa köpçülikleýin synag edilýär. Google Maps-iň täze wersiýasy çykandan soň, programmada söwda merkezleri we howa menzilleri ýaly ýerlerdäki hyzmat hakda has giňişleýin maglumat alyp bolýan "Katalog" bölüminiň peýda boljakdygy bellenilýär.
Şeýle hem onda jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary baradaky reýtingler we maglumatlar, eltip bermegiň we alyp gitmegiň jikme-jiklikleri, iş wagty elýeterli bolar.


düýn 15:11
1.4k+

AirTag arkaly yzarlanan 30-dan gowrak kişi Apple garşy arza ýazdylar

Apple-niň üstünden AirTag trekerleri arkaly yzarlanandyklaryny aýdýan ulanyjylaryň 30-dan gowragy şikaýat etdi diýip, MacRumors neşiri habar berýär....

düýn 14:49
482

Intel iPhone-nyň we iPad-yň käbir modelleri üçin prosessorlary öndürip başlady

Apple-iň üpjünçilik zynjyry boýunça analitigi Ming-Çi Kuo Intel kompaniýasynyň iPhone-nyň, iPad-yň hem-de Mac-yň arzan we köne modelleri üçin prosessorlary öndürip başlandygyny habar berdi....

düýn 14:44
1.1k+

Ilon Maskyň X sosial ulgamynyň programmasynyň ýüklenmesi 1 milliarddan geçdi

Milliarder Ilon Maska degişli bolan X sosial ulgamynyň ykjam programmasynyň smartfonlara ýüklenen sany 1 milliarddan geçdi. Bu uly üstünlik barada Maskyň özi habar berdi....

21.05.2026 23:48
859

Microsoft täze we örän gymmat Surface planşetlerini we noutbuklaryny hödürledi

Microsoft kompaniýasy korporatiw alyjylar üçin niýetlenen, Intel-iň täze Panther Lake prosessorlary bilen üpjün edilen täze Surface Pro 12 planşetlerini we Surface Laptop 8 noutbuklaryny hödürledi....