«Formula-1-e» ilkinji gezek hytaýly sürüji gatnaşar

  • 18.11.2021 16:12
  • 2.5k+

«Formula-1-de» 2022-nji ýylyň möwsümi üçin ähli toparlaryň düzümi belli boldy. Diňe “Alfa Romeo” doly derejede taýýar däldi diýip, Day.az habar berýär.

Ýöne täzelikde ikinji sürüjiniň hytaýly Guanýuý Çžou boljakdygy belli boldy. Ol “Formula-1-de” öz ýurdunyň ilkinji wekili bolar. 
Belläp geçsek, 22 ýaşly sürüji “Alpin” akademiýasynyň talybydyr. Ol “Formula-3-de” iki möwsümi we “Formula-2-de” ýene üç möwsümi geçirdi. Onuň “Alfa Romeo” alynmagynyň esasy sebäbi puldur. Radio Monte-Carlo Motori-niň habar bermegine görä, Çžou italiýalylara, takmynan, 35 mln dollar getirer.
Alfa Romeo-da hytaýly sürüji Italiýanyň wekili Antonio Jowinassiniň ornuny çalşyrar. Çžounyň topardaşy häzirki wagtda “Mersedesde” çykyş edýän finlýandiýaly Waltteri Bottas bolar.

2022-möwsümi üçin sürüjileriň doly düzümi:

  • “Mersedes” – Lýuis Hemilton we Jorj Rassel;
  • “Red Bull” – Maks Ferstappen we Serhio Peres;
  • “Ferrari” – Şarl Lekler we Karlos Saýns;
  • “Maklaren” – Lando Norris we Daniel Rikkardo;
  • “Alpin” – Fernando Alonso we Esteban Okon;
  • “Alfa Tauri” – Pýer Gasli we Ýuki Sunoda;
  • “Alfa Romeo” – Waltteri Bottas we Guanýuý Çžou;
  • “Uilýams” – Aleks Albon we Nikolas Latifi;
  • “Hass” – Nikita Mazepin we Mik Şumaher.

19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....