Ýaponiýanyň Fugaku kompýuteri dünýädäki iň kuwwatly superkompýuter adyny saklady

  • 17.11.2021 23:26
  • 8.1k+

Ýaponiýanyň Fugaku superkompýuteri nobatdaky gezek dünýädäki iň kuwwatly kompýuter diýlip ykrar edildi. Ol hökümet üçin COVID-19-a garşy göreş boýunça görkezmeleri işläp taýýarlamaga kömek etdi diýip, “HPC Wire” neşiri ýazýar. Muny mir24.tv ýetirýär.

Fugaku Ýaponiýanyň RIKEN fiziki-himiki gözlegleriň ylmy gözleg instituty bilen Fujitsu kompaniýasy tarapyndan bilelikde işlenip düzüldi. Ol bassyr dört möhlet ýokary öndürijilikli kompýuterleriň dört sany esasy reýtinginde birinji orny saklaýar: TOP500, HPCG, HPL-AI we Graph 500. Iň soňky netijeler SC21 High-Performance Computing Conference konferensiýasynda yglan edildi. TOP500 hasabaty ýylda iki gezek neşir edilýär.  

RIKEN R-CCS-niň müdiri Satoşi Masuoka Fugaku-nyň öndürijiligi, energiýa tygşytlylygyny we programmirlemäniň aňsatlygyny özünde jemleýän Ýaponiýanyň dünýädäki iň gowy IT-tehnologiýalarynyň beýany hökmünde öwrenilendigini we işlenip düzülendigini aýtdy. Modelirleme, uly maglumatlar we emeli intellekt üçin esasy synaglardaky liderlikden başga-da, ol hökümet we kompaniýa üçin COVID-19-a garşy göreş boýunça görkezmeleri taýýarlamakda möhüm rol oýnady. 

Ýatlap geçsek, Fugaku superkompýuteri 2021-nji ýylyň 9-njy martynda ulanylyşa girizildi, onuň aýry-aýry bölekleri bolsa 2020-nji ýylyň iýun aýynda işläp başlady. 2020-nji ýylyň iýun aýynda ol Top500 reýtinginde dünýäniň iň çalt superkompýuteri boldy. 


şu gün 00:06
327

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

düýn 17:40
3.6k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....

28.05.2026 23:53
5.8k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....