Dekabr aýynyň medeni maksatnamasy taýýarlanyldy

  • 17.11.2021 18:01
  • 7.4k+

Hökümetiň 16-njy noýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi. Oňa laýyklykda, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna we Täze ýyla bagyşlanan çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Habar berlişi ýaly, baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyny ylmy maslahat, mowzuklaýyn sergiler, döredijilik duşuşyklary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsert düzýär. Dekabrda döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda baýramçylyk çäreleri we konsertleri guralar. 10-njy dekabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Dünýä dursun parahat!» atly türkmen aýdymyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler.

Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň Baş arçasynda yşyklary ýakmak çäresi bilen başlanar. Bu arça «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançany bezär. Şol dabaralar tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylar. Estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler. Täze ýyla bagyşlanan esasy dabaralar 31-nji dekabrda «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň we «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki meýdançalarda geçiriler.


düýn 22:59
303

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.3k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.5k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
12k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......