Apple ýantorbalaryň barlagy sebäpli işgärlere millionlarça dollar tölär

  • 14.11.2021 17:19
  • 6.3k+

Apple ýantorbalaryň barlanandygy sebäpli işgärlere millionlarça dollar tölär. Kompaniýanyň hukukçylary 29,9 mln dollarlyk toparlaýyn arza boýunça talaplary kanagatlandyrmaga razy boldular. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi diýip, weekend.rambler.ru belleýär.

2013-nji ýylda firmanyň Kaliforniýadaky dükanlarynyň 52-sinden 14 683 işgär kazyýete ýüz tutdy. Olaryň pikiriçe, kompaniýa adamlaryň howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen ýantorbalaryň barlagy üçin sarp eden wagtlaryny tölemän, ştatyň kanunlaryny bozdy.
Apple-iň hukukçylary işgärleriň torbalarda ogurlanan elektron gurluşlaryny gizlemeýändiklerine göz ýetirmek üçin barlaglaryň zerurdygyny düşündirdiler.
2015-nji ýylda kazyýet talap arzasyny ret etdi, ýöne 2020-nji ýylda şikaýat kazyýeti sarp edilen wagtyň tölenmelidigi barada karar berdi. Netijede, her bir işgär 1286 dollar aldy.


27.02.2026 19:22
1.1k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.6k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 19:33
18k+

Tramp gaýry planetalylara we Ýerden daşardaky ýaşaýyşa degişli maglumatlary ile aýan etmegi tabşyrdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýurduň goranmak ministrine we beýleki degişli edaralara Ýerden daşardaky ýaşaýyş, howadaky nämälim hadysalar we uçýan obýektler bilen baglanyşykly döwletde bar bolan materiallary ýüze çykarmagy hem-de olary gizlinlikden aýyrmagy tabşyrdy...

20.02.2026 11:20
1.9k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...