Gazagystanda milli ilat ýazuwy tamamlandy

  • 13.11.2021 09:43
  • 9.1k+

Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin hökümet ýygnagyny geçirdi we onuň çäginde tamamlanan milli ilat ýazuwynyň meselelerine garaldy. Bu barada premýer-ministriň metbugat gullugy habar berýär diýip, centralasia.news belleýär.

Statistika baradaky döwlet edarasynyň ýolbaşçysy Nurbolat Aýdapkelow ilat ýazuwy boýunça işleriň tamamlanandygyny aýtdy. Ol gazagystanlylaryň 60%-iniň hut özünden sorag edilendigini habar berdi. Gazagystanda ilkinji gezek adamlar baradaky maglumatlary köpçülikleýin hasaba almak işi sanly tehnologiýalar arkaly geçirildi. Ilatyň galan 40%-i ilat ýazuwyna özbaşdak gatnaşyp, özleri baradaky maglumatlary degişli internet çeşmesinde ýerleşdirdiler.

Ilat barada maglumat ýygnamaga hasaba alyjy işgär hökmünde jemi 25 müň meýletinçi, ýerlerdäki we milli statistikanyň merkezi ştabyndaky bölüm işgärleri gatnaşdy. Ähli barlaglar gutarandan soň deslapky netijeleriň dekabr aýynyň ahyryna çenli jemlenjekdigi mälim edildi.

Hökümet baştutany kyn epidemiologik şertlerde geçen düýpli respublika marafonynyň ýokary derejeli guramaçylygyny belledi. Şu nukdaýnazardan Askar Mamin bu çärä işjeň gatnaşandyklary üçin watandaşlaryna we statistika edarasynyň hünärmenlerine gowy işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.


23.03.2026 17:05
8.4k+

Gazagystanda piramida şekilli gökdirän binalar toplumyny gurup başladylar

Gazagystanda Skidmore, Owings & Merrill (SOM) binagärlik kompaniýasy tarapyndan taslanan Alatau Iconic Complex and Gateway District taslamasy gurluşygyň başlangyç tapgyryna girdi. Bu toplum häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän hem-de ýurduň ykdysady we administratiw merkezi bolmaly Alatau şäherinde ýerleşer...

14.03.2026 12:47
8.2k+

Gazagystanly mugallym iki barmakda asylyp durmak boýunça rekord goýdy

Gazagystanyň Petropawlowsk şäherinden bedenterbiýe mugallymy Anatoliý Wiselskiý diňe iki barmagynda 2 minut 7,45 sekunt asylyp durmak arkaly dünýä rekordyny täzeledi. Tengri Sport neşiriniň habar bermegine görä, bu ajaýyp netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi...

07.03.2026 00:06
7.5k+

Gazagystanda gaplaňlary gaýdyp getirmek üçin 37 müň düýp agaç ekildi

Gazagystan sebitde 70 ýyldan gowrak wagt ozal ýitip giden gaplaňlary yzyna gaýtaryp getirmäge taýýarlanýar. Häzirki wagtda olaryň ýaşaýyş gurşawyny dikeltmek üçin Günorta Balhaş sebitinde 37 müňe golaý agaç nahallaryny oturtmak we sapmak işleri geçirildi...

06.02.2026 14:10
2.6k+

Gazagystanda Parfiýa we Wizantiýa degişli gadymy artefaktlar tapyldy

Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda arheologlar Parfiýa we Wizantiýa döwürlerine degişli bolan içi kümüş we mis teňňelerden doly küýzäniň üstünden bardylar. Gadymy Garakabak şäherçesiniň harabalaryndan tapylan bu gymmatlyklar Mangystau (öňki Maňňyşlak) sebtiniň häki bir çetki künjek däl-de, eýsem möhüm söwda merkezi bolandygynyň esasy subutnamasy diýlip atlandyrylýar...