Ilat ýazuwynyň bütindünýä tapgyry dürli ýurtlarda täze tendensiýalary ýüze çykardy

  • 13.11.2021 08:46
  • 7k+

2021-nji ýylda 61 ýurtda geçirilýän ilat ýazuwynyň bütindünýä tapgyry dürli ýurtlarda täze tendensiýalary ýüze çykarmaga kömek etdi. Bu barada Bütinrussiýa ilat ýazuwynyň mediaofisinde habar berildi diýip, TASS belleýär.

Deslapky maglumatlara görä, Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda statistikanyň göz öňünde tutanyndan 190 müň köp adam ýaşap biler. Şeýle netijeleri 2021-nji ýylyň güýzünde Gazagystanyň ilat ýazuwy görkezdi. Onuň tamamlanmagyndan birnäçe gün öň Almatyda 2,2 mln adam hasaba alyndy – bu administratiw maglumatlardan belli bolan şäher ilatynyň sanyndan 9% köpdür.

Wýetnamda, soňky ilat ýazuwynyň netijelerine görä, şäher ýaşaýjylarynyň paýy 5% ýokarlandy. Paýtagt Hoşiminiň ilatynyň gürlügi her inedördül kilometr üçin 4 363 adama ýetdi. Ýöne soňky 10 ýylda ýurduň ilatynyň köpeliş depgini geçen onýyllyga garanda ep-esli pes boldy. Şol bir wagtyň özünde, ilat ýazuwy intellektual ülňüleriň gowulaşandygyny, sowatlylygyň derejesiniň ýokarlanandygyny, mekdebe gatnamagyň, ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiligiň ýokary görkezijilerini ýüze çykardy.

Ilatyň köpelişiniň haýallanandygyny 2020-nji ýylda Hytaýdaky ilat ýazuwy hem görkezdi. Deslapky maglumatlara görä, ýurtda zähmete ukyply ilatyň we çaga dogurýan aýallaryň sany azalýar. Ilatynyň 69%-i oba ýaşaýjylary bolan Keniýada ilat ýazuwy başgaça tendensiýalary görkezdi. Ýagny, bu ýerde ilat sany 10 ýylda 26% ýokarlandy, ilatyň özi bolsa ýaşardy: keniýalylaryň dörtden üçüsi 35 ýaşdan kiçi adamlar.

2020-2021-nji ýyllaryň ilat ýazuwynyň görkezen açyşlarynyň arasynda etniki azlyklaryň sanynyň artmagy hem bar. "2020-nji ýylyň ilat ýazuwynyň maglumatlary boýunça, ABŞ-da ilkinji gezek ak ilatyň – özüniň etnik degişliligi barada şeýle jogap beren ýaşaýjylaryň sany rekord derejede 60,1%-e çenli azaldy. Bu proses 2010-njy ýyla çenli ak ilatyň köpelişiniň iň uly derejesine eýe bolan Alýaska-da täsirini ýetirdi" – diýip, mediaofisde habar berildi. Beýik Britaniýada hem etniki azlyklaryň sany 1950-nji ýyllardaky on müňlerçe adamdan 3 mln adama çenli ýokarlandy.  

düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......