YouTube-däki wideolardan dizlaýklaryň sany aýrylar

  • 11.11.2021 23:52
  • 5.1k+

Ýakyn wagtda YouTube özünde ýerleşdirilýän ähli wideoşekillerdäki dizlaýk (halamadym) hasaplaýjylaryny gizlär.

Google-iň wekilleriniň habar bermegine görä, bu ädim mazmuny (kontenti) döredijilere tomaşaçylaryň ýaramaz reaksiýasyny yzarlamaga derek, wideoşekiliň üstünde has köp işlemekde ünsüni jemlemegine mümkinçilik bermek nukdaýnazaryndan öňe sürüldi. Bu çözgüt bilen kompaniýa tomaşaçylar bilen blogerleriň arasynda özara hormat goýmak gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär.

Şol bir wagtyň özünde dizlaýk belgijiginiň şekili hiç ýere ýitirim bolmaz, emma şekiljige näçe adamyň basandygyny diňe ýaýlymyň eýeleri bilip biler. Adamlar wideoşekile köpçüligiň reaksiýasyny diňe teswirler arkaly çaklamaly bolar (elbetde, eger islendik tankydy aýryp, teswirleri hem işjeň ýagdaýda utgaşdyryp başlamasalar).

YouTube-yň belleýşi ýaly, barlaglaryň netijelerine laýyklykda, dizlaýklaryň jemi sanynyň görkezijisi gizlenenden soň ulanyjylar ýöne ýere blogerleriň duýgularyna degmek niýeti bilen dizlaýka has az basyp başladylar.


25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....