SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon-3 kosmos gämisi HKS-e ugur aldy

  • 11.11.2021 23:35
  • 5.5k+

SpaceX kompaniýasynyň dolandyrylýan Crew Dragon gämisi Falcon 9 raketasynyň ikinji basgançagyndan üstünlikli bölünip aýryldy we Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ugur aldy.

«Astronawtlar [ABŞ-dan] Raja Çari, Tom Marşbern we Kaýla Berron Ýewropa kosmos agentliginiň astronawty Matias Maurer HKS-e takmynan 22 sagatdan, ýagny 11-nji noýabrda gündogar standart wagty bilen 19:10-da (Aşg. wagty bilen 05:10, 12-nji noýabr - red.) baryp ýetmeli» - diýip NASA habar berýär.

Ekipažyň agzalary — Crew-3 Endurance maksatnamasynyň astronawtlary orbitada alty aýa golaý bolarlar.
Mundan öň, kosmosa uçuş ýaramaz howa şertleri sebäpli birnäçe gezek yza süýşürilipdi.
Bu gezekki uçurylyşdaky kosmos gämisi ilkinji gezek ulanylýar.
Mundan öň, sişenbe güni, 9-njy noýabrda Atlantika ummanynda Florida ştatynyň kenarlarynda Crew Dragon Endeavour kosmos gämisi üstünlikli gaýdyp geldi. Onuň bortunda Crew-2 maksatnamasynyň astranawtlary Şeýn Kimbrou we Megan Makartur, Ýewropa kosmos agentliginiň astronawty Toma Peske, şeýle hem Aerokosmiki barlaglaryň ýapon agentliginiň astronawty Akihiko Hoside bardy.


05.03.2026 13:26
1.8k+

SpaceX 2027-nji ýyla çenli Starship raketasynyň ilkinji täjirçilik uçuşyny taýýarlaýar

Amerikanyň SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň ortalaryna çenli kämilleşdirilen Starlink internet hemralaryny orbita çykarmak üçin täze Starship göteriji raketasyny taýýarlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Financial Times» neşiri kompaniýanyň Starlink boýunça uly wise-prezidenti Maýkl Nikollsa salgylanyp habar berýär...

04.03.2026 15:58
2.1k+

Starlink Mobile iň elýetersiz ýerlerde hem doly öýjükli aragatnaşygy wada berýär

Smartfonlar üçin niýetlenen Starlink Direct-to-cell hemra aragatnaşygy hyzmaty resmi taýdan täze — Starlink Mobile adyny aldy. SpaceX kompaniýasy ulgamyň işleýiş aýratynlyklary barada goşmaça maglumatlary paýlaşdy...

08.02.2026 10:23
2.2k+

Ugur üýtgeýär: SpaceX ilki Marsa däl-de, Aýa uçmagy makul bildi

SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň martynda Starship gämisiniň Aýyň ýüzüne ilkinji uçarmansyz gonuşyny amala aşyrmak isleýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. Maglumata görä, kompaniýa indi ilkinji nobatda Aý maksatnamasyna we NASA-nyň Artemis taslamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ünsüni gönükdirmek kararyna geldi...

24.01.2026 18:52
6.8k+

Maksat – çaknyşmazlyk: Starlink hemralary tas her sagat çaknyşykdan gaçyp-gutulmaly bolýar

SpaceX-iň ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna berlen hasabatyna görä, 2025-nji ýylyň iýun aýyndan noýabr aýyna çenli Starlink hemralary beýleki kosmos gämileri we galyndylary bilen çaknyşyklardan gaça durmak üçin 148,696 gezek aýlawly hereket etmäge mejbur boldular...