25 ýurtdan 300 wekiliň gatnaşmagynda «Türkmentel — 2021» onlaýn maslahaty geçirildi

  • 11.11.2021 09:01
  • 8.2k+

10-njy noýabrda Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Ony “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine bagyşlanan şu gezekki halkara onlaýn maslahatda garalýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşýar. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler. Ýurdumyzyň öňden gelýän, hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň dürli görnüşleri, maglumatlar tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän “NOKIA”, “HUAWEI”, “Thales”, “Afghan Wireless” , “Delta Telecom Ltd”, “Rostelecom”, “Eastwind”, “Azertelecom” we beýlekiler bar.

Halkara ölçegleriň derejesine laýyk gelýän giň telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň diňe bir Merkezi Aziýa sebitindäki esasy ulgam hökmündäki ösüşiniň esasy ugurlaryny däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky uly ähmiýete eýe bolan maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmündäki ornuny hem kesgitleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda maglumatlary geçirmegiň döwletara optiki-süýümli ulgamlarynyň 8-si hereket edýär.

Maslahatyň barşynda sanly ulgam arkaly daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar — Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň Baş sekretary Haulin Çžao, GDA agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça Sebit hyzmatdaşlygynyň Baş direktory Nurudin Muhitdinow, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde tehniki direktor Jeý-Pi Takakla, «CNBG Huawei Eurasia» kompaniýasynyň prezidenti Çžao Leý we beýlekiler çykyş etdiler.

Forum tamamlanandan soňra “Sanly çözgüt — 2021” atly innowasiýa taslamalary bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.


düýn 11:28
545

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......