Çehiýada ýangyny söndürmegiň täze usuly görkezildi

  • 09.11.2021 07:58
  • 12k+

Çehiýanyň Brandis-nad-Labem-Stara-Boleslaw şäherinde ýangyny söndürmek üçin sürüjisiz uçýan täze enjam synag edildi. Synag wagtynda inženerler sürüjisiz uçýan enjamy ýanyp duran taşlandy binada synagdan geçirdiler. Bu barada Çehiýanyň Pragadaky tehniki uniwersitetine salgylanyp, vokrugsveta.ru habar berdi.

DOFEC (Discharging Of Fire Extinguishing Capsules) diýlip atlandyrylýan sürüjisiz uçýan enjam belent we köp gatly binalarda ýangyny söndürmek üçin niýetlenilip döredildi. Ol ýangynyň dörän ýerini tapmak üçin bortdaky datçiklerden, infragyzyl kameradan we emeli intellektden peýdalanýar.

Şondan soň ol içi ýylylygy siňdirýän we ýangynyň güýjüni peseldýän maddaly ýarym kilogramlyk kapsulany atýar. Munuň özi ýangyn söndürijilere adamlary ýanýan binadan alyp çykmak üçin has köp wagt berip biler.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....