Türkmenistanda köpçülikleýin güýzki bag ekmek çäresi geçirildi

  • 07.11.2021 00:35
  • 5.9k+

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda giň gerimde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti, Hökümet agzalary, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Ählihalk bag ekmek dabarasy Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda geçirilip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologik köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek» atly 15-nji maksadyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna gatnaşyjylaryň Glazgo şäherinde geçirilýän maslahatynyň (COP26) 26-njy mejlisinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow howanyň üýtgemegine garşy gün tertibinde göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin, Türkmenistanda milli derejede metanyň zyňylmalarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berilýändigi barada belledi. Konwensiýanyň talaplaryna hem-de Pariž ylalaşygy boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna laýyklykda, Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy ähmiýetli tagallalary durmuşa geçirýär, hususan-da, her ýyl ýurdumyzda millionlarça bag nahallary ekilýär. Şunlukda, 2020-nji ýylda 25 million bag nahallary ekildi, 2021-nji ýylda bolsa 30 million düýp bag nahallarynyň ekilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty halkara bileleşiginiň bug gazlarynyň zyňylmalaryny azaltmak, senagatda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak, tokaýlary dikeltmek we howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak üçin ýerden peýdalanmak ugrundaky hereketlerini goldamaga gönükdirilendir.


düýn 10:55
5.2k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......