2022-nji ýyl üçin Türkmenistanyň önümçilik senenamasy neşir edildi

  • 05.11.2021 07:58
  • 9.6k+

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi öz saýtynda 2022-nji ýylyň önümçilik senenamasyny neşir etdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, şu aşakdaky baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär:

  • 1-nji ýanwar — Täze ýyl baýramy;
  • 8-nji mart — Halkara zenanlar güni;
  • 21-22-nji mart — Milli bahar baýramy;
  • 18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni;
  • 2-nji maý — Oraza baýramy;
  • 9-10-11-nji iýul — Gurban baýramy;
  • 27-nji sentýabr — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;
  • 6-njy oktýabr — Hatyra güni;
  • 12-nji dekabr — Halkara bitaraplyk güni.

Şu günleriň öňündäki iş wagty Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda 1 sagat ir tamamlanmalydyr.

Iş wagtynyň ölçegleri 8 sagat iş gününden ugur alnyp bäş günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň 7 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň we 6 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 36 sagatlyk iş hepdesiniň senenamasy boýunça hasaplanandyr.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 62-nji maddasyna laýyklykda, iş tertibi düzülende gijeki iş wagtynda işiň dowamlylygynyň 1 sagat gysgalýandygy göz öňünde tutulmalydyr. Şol sebäpli, iki dynç alyş günli, bäş günlük iş hepdesinde üç iş çalşygynda işleýänleriň iş wagtynyň ýyllyk gory her gijeki iş wagtynyň 1 sagadynyň hasabyna azalýar.

Gijeki işiň dowamlylygy önümçiligiň şertlerine görä zerur bolan halatlarda, hususan-da üznüksiz önümçiliklerde, şonuň ýaly-da bir dynç günli alty günlük iş hepdesi mahalyndaky çalşykly işlerde gündizki iş bilen deňeşdirilýär.

Beýan edilenler bilen baglylykda, 2022-nji ýylda sagatlaýyn tarif möçberleriniň iş wagtynyň ortaça aýlyk dowamlylygynyň (sagatlarda) gaýtadan hasaplanylyşy şu aşakdaky ýaly bellenilýär:

  • 40 sagatlyk iş hepdesi üçin — 166,5
  • 36 sagatlyk iş hepdesi üçin — 150,5

2022-nji ýylyň önümçilik senenamasynyň elektron görnüşini şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.


11.06.2026 22:20
6.1k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....