Türkmenistan adam hukuklaryny goramakda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

  • 04.11.2021 08:08
  • 7.8k+

3-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynda Türkmenistanyň BMG-niň adam hukuklary boýunça ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hereketlerini has-da ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Hökümetiniň Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikdäki taslamalaryň utgaşdyrylmagy, şeýle-de guramanyň bilermenleriniň Türkmenistana saparynyň guralmagy boýunça yzygiderli gatnaşyklary hem bellenildi. 

Gepleşikleriň çäklerinde BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin edarasyna BMG-niň adam hukuklary boýunça taslamalarynyň gurmuşa geçirilmeginde tehniki kömegiň berilmegi we işleriň utgaşdyrylmagy bilen bagly bolan duşuşyklaryň guralmagy hem-de geçirilmegi babatynda beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirildi.


şu gün 12:31
1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
358

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
654

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
2k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......