Toyota täze bZ4X elektrikli krossowerini çykardy

  • 02.11.2021 16:39
  • 7.8k+

Ýaponiýanyň Toyota awtoulag kompaniýasy täze bZ4X elektrikli krossowerini tanyşdyrdy. Ol awtoulag markasynyň ilkinji köpçülikleýin öndürilen elektrikli awtoulagy bolar diýip, ufatime.ru habar berdi.

Täze elektrikli krossower iki esasy modifikasiýada hödürlener. Onuň esasy wersiýasynda öň tarapky okda (osda) 204 at güýji bolan bir motor bolar, şonuň netijesinde awtoulag 8,4 sekuntda 100 kilometr/sagat tizlige çykyp biler. Beýleki wersiýasynda 109 at güýji bolan iki sany elektrikli doly çekişli hereketlendiriji bolar, bu bolsa oňa 7,7 sekuntda 100 kilometr/sagat tizlige çykmaga mümkinçilik berer.

Kuwwatlylygy 71,4 kilowat-sagat bolan akkumulýator batareýasy elektrikli awtoulagyň öň tigirli görnüşine bir zarýadda 500 kilometre, doly çekişli görnüşi üçin 460 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berer.

Ýaponiýada Toyota bZ4X elektrikli awtoulag üçin sargytlar dekabr aýynyň ortalarynda, Ýewropada bolsa 2022-nji ýylda kabul ediler.


şu gün 14:04
5.1k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.2k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8.3k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......