«Sent-Etýeniň» hüjümçisi 68 metrden gol geçirip, Liga 1-iň rekordyny goýdy

  • 02.11.2021 16:54
  • 7.2k+

"Sent-Etýen" toparynyň hüjümçisi Wahbi Hazri Liga 1-iň 12-nji tapgyrynda "Metz" (1:1) bilen geçirilen oýunda Fransiýanyň çempionatynyň taryhynda iň uzak aralykdan geçirilen goluň awtory boldy. Bu barada championat.com habar berdi.

Hazri goly meýdançanyň beýleki ýarymyndan depip geçirdi. 16-njy minutda ol öz jerime meýdançasyndan topy alansoň birneme ylgady we garşydaşyň derwezebanynyň derwezeden öňe çykanyny görüp, topy uzak aralykdan derwezä gönükdirdi. Netijede, top derwezebanyň üstünden aşyp, derwezä girip gitdi.

Opta-nyň ýazmagyna görä, bu gol Ligue 1-iň täze rekordy hökmünde hasaba alyndy. Gol 68 metrden tora girizildi. 2006/2007 möwsüminden, ýagny Ligue 1-iň statistikasynyň ýöredilip başlanyndan bäri beýle aralykdan hiç kim gol geçirmändi.

Hazriniň rekord aralykdan geçiren goly toparyny ýeňlişden halas etdi.


düýn 19:10
3.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.3k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.5k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....