Saud Arabystany çölde awtomobilsiz geljegiň şäherini gurmaga başlady

  • 01.11.2021 16:27
  • 13k+

Saud Arabystany geljegiň innowasion şäheri Neomyň gurluşygyna başlady. Çölde megaşäheri döretmek taslamasy barada heniz 2017-nji ýylda belli boldy. Häzirki wagtda gurluşykçylar tunnel çekip başladylar diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Taslamanyň bahasy 500 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Şäher Gyzyl deňziň kenaryndan Tabuk şäherine çenli 170 kilometre uzamaly.

“Şäheri meýilnamalaşdyrmak we gurmak üçin zerur işleriň hatda 1%-i hem heniz tamamlanmady” – diýip, taslamanyň ýolbaşçysy Nazmi an-Nasr agentlige gürrüň berdi. Ol gurluşyk meýilnamalarynyň entek işlenip düzülýändigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, desgada eýýäm 1500-den gowrak gurluşykçy işleýär we ýaşaýar diýip, secretmag.ru belleýär.

170 kilometrlik megapolisi birbada iki tarapyndan gurup başlamak meýilleşdirilýär. Agentligiň belleýşi ýaly, Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed bin Salman Gyzyl deňziň demirgazyk-günbatar kenaryndaky sebiti hakyky tehnologiýa merkezine öwürmek isleýär. Bu sebitde ýokary tehnologiýalaryň we daşary ýurt maýa goýumlaryny artdyrmagyň hasabyna çig mal ykdysadyýetinden ýüz öwrüler.

Şäherde awtomobiller we şosse bolmaz. Ol ýerde şahsy ulaglaryň deregine ýokary tizlikli ýerasty ulag ulgamyny gurmak meýilleşdirilýär. Onuň kömegi bilen 170 kilometri 20 minutda geçmek bolar. Ol gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden energiýa alar.

Neom ady Neo (“täze”) bölegini we “mustakbal” (“geljek”) arap sözüniň birinji harpyny öz içine alýar. Şäher 1 mln adamyň ýaşamagy üçin niýetlenendir. Häkimiýetler bu ýerde ilkinji ýaşaýjylary ýerleşdirip, eýýäm 2024-nji ýyldan syýahatçylary kabul edip başlamak isleýärler. 


20.06.2026 09:37
2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.2k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......