Ilon Mask Tehasda hususy uniwersitetini açmak isleýär

  • 31.10.2021 00:00
  • 8.1k+

Ýakynda Ilon Maskyň baýlygynyň 300 mlrd dollardan geçendigi belli boldy. Bu ony “Forbes” reýtinginiň tutuş taryhynda dünýäniň iň baý adamyna öwürdi. Bu pul birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýeterlikdir. Maskyň özi olaryň biri barada gürrüň berdi. Ol bu babatda Twitterde täze post ýerleşdirdi diýip, ferra.ru habar berýär.

Milliarder durmuşa geçirmek isleýän başlangyçlarynyň biri, ýagny hususy ýokary okuw mekdebini açmak isleýändigini aýtdy. Ol Tehasda ýerleşer. Öň, Mask elektromobil öndüriji kompaniýasy Tesla-nyň ştab-kwartirasyny hem şol ýere göçürdi. Onuň kosmos kärhanalary-da ABŞ-nyň bu ştatynda ýerleşýär.

Şeýle-de, Ilon Mask uniwersitetiň nähili atlandyryljakdygy barada aýtdy. Onuň meýilnamasy boýunça, edara “Tehasyň tehnologiýa we ylym instituty” diýlip atlandyrylar.

Bu taslamanyň durmuşa geçiriljek senesi barada heniz hiç hili maglumat ýok.

Milliarderiň özi birbada üç ýokary okuw mekdebinde bilim alypdy. Ilkibaşda Kingstondaky Patyşalyk uniwersitetinde okady. Iki ýyldan soňra ol ýerden Pensilwaniýa uniwersitetine geçip, fizika we ykdysadyýet boýunça bakalawr derejesini aldy. Ol Stenford uniwersitetine hem baryp gördi. Ýöne ol ýerde dogry iki gün okap, bilim edarasyny terk etdi.


düýn 08:10
4.8k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......