Täjigistan 2050-nji ýyla çenli “ýaşyl” energiýa önümçiligini iki esse artdyrar

  • 30.10.2021 16:53
  • 3.7k+

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon 27-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň “Howa ugrunda hereketleri amala aşyrmak” atly ýokary derejeli tematiki çekişmesine gatnaşdy. Ol ýurduň 2050-nji ýyla çenli arassa energiýa önümçiligini artdyrmakçydygyny aýtdy. Bu barada respublikanyň lideriniň metbugat gullugy habar berdi diýip, centralasia.news belleýär.

Rahmon häkimiýetleriň ýurduň “ýaşyl” energiýa öndürmek boýunça kuwwatyny iki esse ýokarlandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görjekdigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, esasy üns derýalaryň, suw akymlarynyň we Gün energiýasy ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň özleşdirilmegine gönükdiriler.

Prezident häzirki wagtda respublikanyň gidroelektrik stansiýalarynda elektrik energiýasynyň 98%-ini öndürip, arassa energiýanyň öndüriliş we ulanylyş göterimi boýunça dünýä ýurtlarynyň sanawynda altynjy orny eýeleýändigini ýatlap geçdi. Döwlet baştutany Rogun GES-i işe girizilenden soň, Täjigistanyň degişli sanawda 4-nji orny eýelejekdigini sözüniň üstüne goşdy. 

Täjigistanyň lideri häzirki wagtda ýurtda tokaýlary dikeltmek we tokaý agaçlarynyň meýdanyny giňeltmek boýunça birnäçe maksatnamanyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Mundan başga-da, bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga hem üns berilýär.


11.05.2026 18:16
4.4k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......