Hytaý howanyň üýtgemegine täsir edýän ekologik görkezijilerini gowulandyrdy

  • 30.10.2021 01:34
  • 4.8k+

Hytaý howanyň üýtgemegine täsir edýän ekologik görkezijileriniň birnäçesini gowulandyrdy. Bu barada HHR-iň Döwlet geňeşiniň metbugat diwanhanasy tarapyndan neşir edilen “Hytaýyň howanyň üýtgemegine täsirlenmesi: syýasat we hereketler” atly ak kitapda aýdylýar diýip, TASS-a salgylanyp, Day.Az habar berýär.

2020-nji ýylda HHR-de kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň intensiwligi 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 18,8% we 2005-nji ýyl bilen deňeşdirilende 48,4% peseldi. Bu görkezijiler 2005-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli zyňyndy intensiwligini azaltmak boýunça Hytaý tarapyndan 40-45% aralygynda kesgitlenen maksatly görkezijiden ýokary boldy. HHR soňky 15 ýylda uglerod intensiwligini 5,8 mlrd tonna azaltdy.

Deslapky hasaplamalar boýunça, 2020-nji ýylda Hytaýyň energiýa sarp edilişiniň umumy gurluşynda gazylyp alynmaýan energiýa çeşmeleriniň (GES, AES, ýel, Gün elektrik stansiýalary we ş.m) paýy 15,9% boldy. Bu 2005-nji ýyldakydan 8,5 göterim nokady köpdür.

2020-nji ýylda Hytaýda gazylyp alynmaýan energiýanyň umumy önümçilik kuwwatynyň paýy 44,7% boldy. Gün elektrik stansiýalarynyň kesgitlenen kuwwaty 2005-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3 müň esseden gowrak, ýel elektrik stansiýalarynyňky 200 esseden gowrak ýokarlandy. 

2020-nji ýylda HHR-de umumy energiýa sarp edilişi 5 mlrd tonna kömür ekwiwalentinden geçmedi. 2005-nji ýyldan 2020-nji ýyl aralygynda umumy energiýa sarp edilişinde kömrüň paýy 72,4%-den 56,8%-e çenli azaldy.

Hytaýyň energiýa sarp ediliş gurluşynda kömrüň paýynyň azalandygyna garamazdan, ýurt henizem bu energiýa çeşmesine ep-esli derejede garaşly bolup, onuň sarp edilişini artdyrýar. 2020-nji ýylda HHR-de 3,84 mlrd tonna kömür öndürildi, bu ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 2,4% köpdür. Hytaý 303 mln tonna kömür import etdi, bu 2019-njy ýyldakydan 1,5% köp. 2020-nji ýylda kömrüň sarp edilişi 2,8 mlrd tonna boldy. 


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

18.06.2026 09:51
2.8k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:21
3.8k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......