Microsoft-yň çärýek girdejisi ýyllyk hasabynda 22% ýokarlandy

  • 30.10.2021 01:21
  • 1.9k+

Microsoft amerikan korporasiýasynyň 30-njy sentýabrda tamamlanan çärýekdäki girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22% ýokarlanyp, 45,3 mlrd dollara ýetdi. Degişli maglumatlar kompaniýanyň saýtynda getirilýär diýip, TASS habar berýär.

Microsoft-yň bellenilen döwürde operasion girdejisi 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27% ýokarlanyp, 20,2 mlrd dollara ýetdi. Arassa girdeji ýyllyk hasabynda 48% ýokarlanyp, 20,5 mlrd dollar boldy. CNBC teleýaýlymynyň belleýşi ýaly, ähli ugurlar boýunça kompaniýanyň maliýe görkezijileri hünärmenleriň çaklamasyndan ýokary boldy.

Korporasiýanyň baş ýerine ýetiriji müdiri Satýa Nadella Microsoft-yň maliýe üstünlikleriniň bulut tehnologiýalary gurşawynda hyzmatlara bolan ýokary isleg bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Onuň aýtmagyna görä, korporasiýa “bu geçiş döwründe guramalara iş üçin zerur bolan platformalaryň we gurallaryň doly spektrini hödürleýär”.


30.10.2025 15:36
1.8k+

Microsoft Copilot+ PC satuwyny ýokarlandyrmaga synanyşdy, ýöne tersine Apple Mac-e bolan isleg artdy

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Windows 10 ulgamynyň resmi taýdan goldawy bes edilenden soň, ulanyjylaryň aglabasy kompýuterlerini täzelemäge karar berdiler. Şeýle-de bolsa, Microsoft täze EA ugry boýunça işleýän Copilot+ noutbuklaryny işjeň mahabatlandyran hem bolsa, ulanyjylaryň ählisi şol tarapa geçmedi — olar tersine, Apple Mac kompýuterlerini saýladylar...

30.10.2025 13:27
1.7k+

Nvidia bazar bahasy 5 trln dollardan geçen dünýäde ilkinji kompaniýa boldy

Amerikan grafiki prosessor işläp düzüjisi Nvidia-nyň bazar bahasy bäş trillion dollardan geçdi. Netijede, ol taryhda şeýle kapitalizasiýa ýeten ilkinji kompaniýa boldy. 29-njy oktýabrda NASDAQ biržasynda söwdanyň açylyşynda Nvidia-nyň paýnamalary tas 5%, bir paý üçin 210 dollara çenli ýokarlandy, bu hem kompaniýa kapitalizasiýa boýunça rekord derejä ýetmäge mümkinçilik berdi...

29.10.2025 13:32
3.8k+

Apple bazar bahasy 4 trillion dollara ýeten taryhda üçünji kompaniýa boldy

Apple korporasiýasynyň bazar bahasy ilkinji gezek 4 trillion dollardan geçdi, muňa Nasdaq biržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Bu kompaniýany Nvidia bilen Microsoft-dan soň taryhda şeýle derejä ýetmegi başaran üçünji kompaniýa edýär...

29.10.2025 11:42
645

Microsoft täze şertnamanyň çäklerinde OpenAI-dan 27% paý aldy

Microsoft we OpenAI täze uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişendigini mälim etdiler. Ylalaşygyň çäginde Microsoft OpenAI-dan 27% paý alar. Bukjanyň bahasy 135 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar...