Hytaýly talyplar iPhone toplumynda zarýad berijiniň ýoklugy sebäpli Apple-i kazyýete berýärler

  • 28.10.2021 23:39
  • 11k+

Pekiniň himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň we Dunhua uniwersitetiniň talyplary Apple-iň täze önümlerinde zarýad beriji gurluşlaryň ýoklugy sebäpli Apple-i kazyýete bermek üçin birleşdiler. Berlen talap arzasyna görä, talyplar Apple kompaniýasynyň toplumyna zarýad beriji gurluşy goşmagyny isleýärler diýip, www.ixbt.com belleýär.

Kazyýet işi şu ýylyň sentýabr aýynda gozgaldy. Kazyýetde şikaýatçy we jogapkär iki taraplaýyn sorag etdiler. Häzirki wagtda kazyýet işi goşmaça subutnamalary we ýazmaça materiallary bermek tapgyrynda. Şikaýatçy kompaniýanyň sarp edijileriň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini düýpli bozýandygyny nygtaýar. Talyplar ulanyjylaryň köpüsiniň, hatda Apple-iň işgärleriniň hem muňa geň galýandygyny we gaharlanýandygyny aýdýarlar. Şeýle-de bolsa, köp adam bu barada dymýar.

Apple-iň aýtmagyna görä, kompaniýa daşky gurşawy goramak üçin topluma zarýad beriji gurluşy goşmaýar. Emma ulanyjylar Apple-iň hakykaty aýdýandygyna ynanmaýarlar. Eger Apple, hakykatdanam, daşky gurşaw barada alada edýän bolsa, näme üçin ol henizem zarýad beriji gurluşlary öndürýär? Eger bu gurluşlar, hakykatdanam, daşky gurşawy howply edýän bolsa, kompaniýa olary öndürmek gerek däl. Şikaýatçynyň pikiriçe, Apple zarýad beriji gurluşy aýratyn satyp, has köp pul gazanmak isleýändigi üçin ony topluma goşmaýar. 

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Apple EarPods gulaklyklaryny gutulara goşmajakdygyny aýtdy. Kompaniýanyň bildirişine görä, gutudan bu aksessuarlaryň aýrylmagy uglerod zyňyndylaryny azaltmaga we seýrek toprak elementlerini gazyp almakdan we ulanmakdan gaça durmaga kömek eder. Şeýle-de, kompaniýa köp ulanyjynyň indi AirPods ýaly simsiz garnituralara öwrenişendigini nygtaýar.

Şeýle-de bolsa, iPhone 13 seriýasy Hytaýda we Fransiýada heniz hem gulaklyklar bilen ýola goýulýar. 


şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....