Türkmenistanda 2024-nji ýyl «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan ediler

  • 27.10.2021 14:08
  • 29k+

Aşgabat şäherine nobatdaky iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşygyny hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri 2022-nji ýylda doly tamamlap, ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gabatlanylyp ulanmaga berilse, ýerine düşjekdigini belledi.

2024-nji ýylda türkmen halkynyň dünýä meşhur akyldar şahyrynyň 300 ýyllyk dabarasy giňden belleniler. Bu ýerde gurlan toplumyň geljek ýylda açylmagy bolsa dünýä nusgalyk eserleri döreden şahyryň hormatyna guraljak giň möçberli dabaralara özboluşly badalga bolar. Şeýle hem 2024-nji ýyly “Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip yglan ederis. Munuň özi beýik şahyra goýulýan hormatyň nyşanyna öwrüler diýip, türkmen Lideri aýtdy.


şu gün 10:55
2.3k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.4k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......