IT kompaniýalarynyň iň täsin awtoulaglarynyň sanawy çap edildi

  • 26.10.2021 17:32
  • 6.4k+

SpeedMe awtoulag portalynyň hünärmenleri iri IT kompaniýalary tarapyndan işlenip düzülen iň täsin awtoulaglaryň sanawyny çap etdiler. Bu barada discover24.ru habar berdi.

Bu reýtinge Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasynyň, takmynan, 116 ýyl ozal döredilen “Elektrische Viktoria” atly ilkinji elektrikli awtoulagy hem girdi. Bu awtoulag sagatda 30 kilometr tizlikde ýöreýärdi we zarýad bermezden, 60 kilometre çenli hereket edip bilýärdi.

Ondan soňra sanawda Samsung-yň birbada iki sany awtoulagy ýerleşdi. Olaryň birinjisi sanly kabinaly we 5G aragatnaşykly 4 orunlyk sürüjisiz kabriolet, ikinjisi bolsa Renault bilen bilelikde döredilen XM3 Inspire krossoweridir. Ikinji agzalan awtoulag şu ýyl Günorta Koreýa bazarynda satylyp başlar.

Günorta Koreýanyň ägirt uly LG kompaniýasy hem eýesini ýüzünden tanap bilýän, şeýle hem displeýli ýörite oturgyçlar we dolandyryjy bilen enjamlaşdyrylan ýerüsti sürüjisiz awtoulagyny hödürledi. Birnäçe ýyl ozal bolsa Google hem özüniň “Firefly” awtonom ulaglaryny hödürläpdi.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......