Serdar Berdimuhamedow Balkanda ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasynyň açylyşyna gatnaşdy

  • 25.10.2021 08:19
  • 13k+

23-nji oktýabrda Balkan welaýatynyň merkezinde Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Berdimuhamedow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, degişli düzümleriň, kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, gurluşykçylar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Wise-premýer S.Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan uly üstünlikleri, durmuş ugurly döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda sebitleri depginli ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda şu günki wakanyň ähmiýetini nygtady.

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň welaýat bölüminiň täze binasy hem şeýle desgalaryň hataryna degişlidir. Onuň işiniň esasy maksady şahsy we edara görnüşli taraplaryň bähbitlerini goramagyň netijeli guralyny döretmekden hem-de bu ulgamda döwlet düzgünleşdiriş usullaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Täze binanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — ýurdumyzyň gurluşyk bazarynda 10 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýan “Altyn ganat” hususy kärhanasy tarapyndan gurlandygy bellärliklidir. Binanyň birinji gatynda hünärmenleriň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen iş otaglary, ikinji gatynda bolsa giň maslahatlar zaly bar. Täze binanyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, dürli bag nahallary ekilip, bagy-bossanlyk döredildi.


20.06.2026 11:41
4.2k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

18.06.2026 12:31
6k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

11.06.2026 13:44
3.9k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......