Habib UFC 267-de Mahaçewe sekundantlyk eder

  • 24.10.2021 15:08
  • 15k+

Ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedow täze zelandiýaly söweşiji Den Hukere garşy söweşde öz watandaşy Islam Mahaçewe sekundantlyk eder. Bu barada Mahaçýewiň öz sözlerine salgylanyp, sovsport.ru habar berdi.

“Habib Hukere garşy söweşde meniň burçumda bolar. Tälimçi Hawýer Mendes we doganym Muslim hem sekundantlyk eder" diýip, RIA Nowosti Mahaçewiň sözlerini getirýär.

Mahaçew karýerasynyň dowamynda 20 gezek ýeňiş gazanyp, bir gezek ýeňlişe sezewar boldy. Häzirki wagtda 30 ýaşly rus söweşijisi ýeňil agramyň sanawynda bäşinji orunda durýar. 31 ýaşly Hukeriň hasabynda bolsa 21 ýeňiş we 10 ýeňliş bar. Täze zelandiýaly türgen reýtingiň sekizinji hatarynda ýerleşýär.
Söweş 30-njy oktýabrda geçiriler.


düýn 23:43
5.3k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.9k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......