Fýodor Ýemelýanenko Bellator ýaryşynda Timoti Jonsony nokauta gidirdi

  • 24.10.2021 10:25
  • 19k+

Garyşyk stiliň russiýaly söweşijisi Fýodor Ýemelýanenko Bellator 269 turnirinde amerikaly Timoti Jonsondan üstün çykdy. Guramanyň ýaryşy Russiýada ilkinji gezek geçirildi, söweş Moskwadaky “WTB-Arenada” boldy. 

Ýemelýanenko birinji raundda nokaut bilen ýeňdi. Agyr agram kategoriýasyndaky söweş 1 minut 45 sekunt dowam etdi.

Ýemelýanenko 45 ýaşynda. MMA-da onuň hasabynda indi 40 ýeňiş we alty ýeňliş bar, ýene bir söweş geçirilmedik diýlip kabul edildi. Bellator-yň çäginde russiýaly söweşiji alty söweşe gatnaşyp, dört gezek ýeňdi we iki gezek ýeňildi. Ýemelýanenko Pride FC wersiýasy boýunça agyr agramda garyşyk söweş sungaty boýunça dört gezek dünýä çempiony, Rings we WAMMA wersiýalary boýunça – iki gezek, söweş sambosy boýunça dört gezek dünýä çempiony we dokuz gezek Russiýanyň çempionydyr.

Jonson 36 ýaşynda, ol agyr agramly söweşijileriň arasynda Bellator-yň reýtinginde ikinji orny eýeleýär. Ýemelýanenko sanawa girmeýär. Amerikaly söweşijiniň hasabynda 15 ýeňiş we sekiz ýeňliş bar. 


düýn 13:08
5.8k+

Mahaçew agram derejesine garamazdan UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde öňe geçdi

UFC promouşeniň agram derejesine garamazdan iň gowy söweşijileriniň (P4P) täzelenen reýtingini neşir etdi. Bu sanawyň birinji ornuna Islam Mahaçew çykdy. 16-njy noýabrda Mahaçew Nýu-Ýorkda geçirilen UFC 322 ýaryşynda ýarym-orta agramdaky (77 kg çenli) titul ugrundaky söweşde awstraliýaly Jek Della Maddalenany eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňdi...

16.11.2025 11:41
14k+

Islam Mahaçew Della Madalenany ýeňip, iki agram derejesinde UFC-niň çempiony boldy

Russiýaly Islam Mahaçew Nýu-Ýorkda geçirilen UFC 322 ýaryşynyň esasy duşuşygynda awstraliýaly Jek Della Maddalenany eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňdi. Tutluşyk hersi bäş minutlyk bäş raundlap dowam etdi. Tutluşygyň tutuş dowamynda diýen ýaly russiýaly pälwan garşydaşyny ýerde (parterde) arkasyna ýatyryp saklady...

14.11.2025 20:30
18k+

Nýu-Ýorkda UFC 322: Maddalena – Mahaçew, esasy söweşler, haçan we nirede görmeli

16-njy noýabrda Nýu-Ýorkdaky Madison Square Garden arenasynda UFC 322 ýaryşy geçiriler. Söweş agşamy Aşgabat wagty bilen ir sagat 4:00-da başlar, esasy kard bolsa 8:00-da başlar. Esasy waka ýarym orta agramda titul söweşi bolar: çempion Jek Della Maddalena Islam Mahaçewe garşy ilkinji goragyny geçirer...

07.11.2025 19:00
3.9k+

PFL formaty üýtgedýär: Gran-pri ýaryşlary geçmişde galar

PFL (Professional Fighters League) söweş promouşeni Gran-pri formatynda ýaryş geçirmekden ýüz öwrer. Bu barada liganyň baş direktory Jon Martin habar berdi. Gurama ulgamy has ýönekeý we düşnükli etmek isleýär. “Men ähli zady ýönekeýleşdirmegi teklip etdim, çünki biziň söweşijilerimiz gowy...