Türkmenistan Ýaponiýada geçiriljek «EKSPO — 2025» sergisine gatnaşar

  • 23.10.2021 15:56
  • 3.9k+

Türkmenistan “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşar. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow türkmen Liderine hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, bu sergi Ýaponiýanyň Osaka şäherinde emeli döredilen Ýumesima adasynda “Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary astynda geçiriler. Türkmenistan “EKSPO” sergilerine öň hem birnäçe gezek gatnaşdy, häzir bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän sergide ýurdumyzyň kuwwaty üstünlikli görkezilýär.

Wise-premýer türkmen Lideriniň garamagyna degişli guramaçylyk komitetini döretmek hem-de “EKSPO — 2025-iň” guramaçylyk komiteti bilen bilelikde, zerur bolan taýýarlyk işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň jogapkär wekilini bellemek baradaky teklibi hödürledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow halkara sergä taýýarlyk görmegiň çäklerinde anyk netijeleriň gazanylmalydygyna ünsi çekip, wise-premýere guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy we bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.


düýn 10:07
2.6k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.3k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 11:47
8.7k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

04.06.2026 11:45
2.2k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......