Berdimuhamedow Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibini tassyklady

  • 23.10.2021 09:33
  • 11k+

22-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda degişli Karara gol çekdi.

Onuň maksady ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan we ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maliýe üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmakdan, täze önümçilikleri, maýa goýum taslamalaryny we söwda şertnamalaryny öz wagtynda maliýeleşdirmegi amala aşyrmakdan hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek üçin Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň hasabatynda bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilýän döwlet maýa goýum syýasatyna laýyklykda, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygyny we olaryň täzeleriniň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigini nazarda tutup, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini karz edaralarynyň depozit hasaplaryna geçirmek arkaly döwlet düzümleriniň hem-de hususy bölegiň täze önümçiliklerini we söwda şertnamalaryny maliýeleşdirmek üçin gysga, orta hem-de uzak möhletli karzlary bermek göz öňünde tutulýar.


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.5k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......