YouTube wideodan harytlary göni satyn almak funksiýasyny synagdan geçirer

  • 22.10.2021 16:23
  • 3.5k+

YouTube göni ýaýlymlaryň dowamynda wideodan söwda etmek funksiýasyny synagdan geçirer. Bu barada kompaniýanyň resmi blogynda habar berilýär diýip, daily.afisha.ru belleýär.

15-nji noýabrda wideo hyzmaty “onlaýn-söwda hepdeligine” başlar. Platforma tarapyndan saýlanan strimerler göni ýaýlymda harytlar barada gürrüň bererler, ulanyjylar bolsa kataloga göz aýlap, “sebet” düwmesiniň üsti bilen halan zatlaryny satyn alyp bilerler. 

Harytlary bu başlangyja gatnaşjak kompaniýalaryň arasynda Samsung we Walmart bar. Häzirlikçe YouTube ulanyjylaryň haýsy ýurtlarda söwda etmäge mümkinçiliginiň boljakdygyny habar bermeýär. 

YouTube sosial ulgamlary we onlaýn-söwda kanallaryny birleşdirmek tendensiýasyny dowam etdirýär. Instagram platformasy bolsa 2019-njy ýylda programmanyň içindäki neşirler arkaly söwdany amala aşyrmak mümkinçiligini ýola goýdy. 

YouTube dünýäde iň köp girilýän internet portallaryň biri bolmak bilen, ulanyjylara wideo ýazgylaryny we wideo ýaýlymlaryny hakyky wagtda neşir etmäge mümkinçilik berýär.


14.06.2026 14:07
3.6k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......

19.05.2026 21:42
5.1k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......