M.Naýt Şýamalan Berlinale-2022-niň eminler toparyna başlyklyk eder

  • 22.10.2021 08:59
  • 2.2k+

Hindistanda doglan amerikaly kino režissýory we ssenariýaçysy M.Naýt Şýamalan geljek ýyl halkara Berlin film festiwalynda (Berlinale) emin agzalaryna ýolbaşçylyk eder. Bu barada festiwalyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berdi.

Festiwaly guraýjylar M.Naýt Şýamalany öz filmleri bilen üç onýyllygyň dowamynda bütin dünýäde tomaşaçylary özüne çekip gelýän režissýor we amerikan kinosynda görnükli şahsyýet hasaplaýarlar.

2022-nji ýyldaky 72-nji Berlinale-niň 10-20-nji fewral aralygynda tomaşaçylaryň gatnaşmagynda adaty formatda geçiriljekdigi habar berlipdi. Festiwalyň esasy meýdançasy ýene-de Potsdam meýdançasyndaky Berlin köşgi bolar. Guramaçylaryň belleýşi ýaly, festiwalyň filmleri, öňküsi ýaly, Germaniýanyň paýtagtyndaky dürli kinoteatrlarda görkeziler.

Berlin film festiwalyna ýylyň-ýylyna 300 müňden gowrak adam gatnaşýar we onda dürli programmalar boýunça ýüzlerçe film görkezilýär.


25.01.2024 10:04
29k+

Germaniýaly lukman Juliýa Şnelle dünýäniň iň gözel zenany saýlandy

Demirgazyk Gesseniň ýaşaýjysy, 38 ýaşly lukman we iki çaganyň ejesi Juliýa Şnelle, «Dünýäniň iň gözel zenany – 2023» bäsleşiginde ýeňiji boldy diýip, HNA we «Hit Radio FFH» habar berýär. Bäsleşik Las Wegasda geçirildi...

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....