Germaniýaly lukman Juliýa Şnelle dünýäniň iň gözel zenany saýlandy

  • 25.01.2024 10:04
  • 29k+

Demirgazyk Gesseniň ýaşaýjysy, 38 ýaşly lukman we iki çaganyň ejesi Juliýa Şnelle, «Dünýäniň iň gözel zenany – 2023» bäsleşiginde ýeňiji boldy diýip, HNA we «Hit Radio FFH» habar berýär. Bäsleşik Las Wegasda geçirildi. Ol bu derejä mynasyp bolan ilkinji nemes zenany boldy.

«Men bagtly, özümi rahat duýýaryn we özüme buýsanýaryn» diýip, dünýäniň täze iň gözel zenany belledi. Ol edilen taýýarlygyň özüni ödändigini aýtdy. Ýeňiji bu derejäniň çagalar we ýetginjekler üçin taslamalaryny öňe sürmegine kömek etjekdigine umyt edýär.

HNA «Dünýäniň iň gözel zenany» bäsleşiginde esasy zadyň diňe bir daşky görnüş bolman, eýsem, oňa gatnaşyjylaryň öňe sürýän sosial taslamalarydygyny nygtaýar. Şnelleniň taslamasy – itler we atlar bilen psihoterapiýadyr. Mundan başga-da, ol her ýyl Floridadaky täjirçilik maksatly bolmadyk «Island Dolphin Care» bejeriş merkezinde meýletinçi hökmünde agyr maýyplygy bolan çagalara we ýaralanan esgerlere kömek edýär. Bu edarada ol delfinleriň kömegi arkaly hassalar bilen işleýär.


22.10.2021 08:59
2.3k+

M.Naýt Şýamalan Berlinale-2022-niň eminler toparyna başlyklyk eder

Hindistanda doglan amerikaly kino režissýory we ssenariýaçysy M.Naýt Şýamalan geljek ýyl halkara Berlin film festiwalynda (Berlinale) emin agzalaryna ýolbaşçylyk eder. Bu barada festiwalyň metbugat gullugyna salgylanyp...

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....