Bill Geýts Angliýanyň ekologiýa taslamalaryna 500 mln dollardan gowrak maýa goýar

  • 21.10.2021 17:13
  • 3.3k+

Britaniýanyň hökümeti amerikaly milliarderden ýaşyl tehnologiýalara 552 million dollar maýa goýumyny almaga umyt bildirýär. Bu barada plus-one.ru habar berýär.

Maliýe serişdeleri ekologik taýdan arassa wodoroda, energiýany uzak möhletli saklamaga we howadaky kömürturşy gazyny gönüden-göni "tutmaga" gönükdiriler.

Amerikaly milliarder, Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýts Iňlis hökümeti bilen arassa tehnologiýalary ösdürmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyga başlady. Reýter agentliginiň habaryna görä, taraplar häzirki wagtda 2050-nji ýyla çenli zyňyndylaryň nol görkezijisini gazanmak boýunça bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşýarlar.

Premýer-ministr Boris Jonsonyň gatnaşmagynda geçirilen global maýa goýum sammitinde eden çykyşynda Bill Geýts täze tehnologiýalary ösdürmek üçin hususy maýa goýumlarynyň zerurdygyny aýtdy. Milliarderiň pikiriçe, Angliýa bilen hyzmatdaşlyk haýsy taslamalary goldamalydygyny, haýsylarynyň bolsa geljeginiň ýokdugyny kesgitlär.


düýn 10:07
2.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
2.4k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.6k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......