Kuba ýylyň ahyryna çenli 100 müňden gowrak daşary ýurtly syýahatçyny kabul etmegi göz öňünde tutýar

  • 21.10.2021 17:40
  • 3.4k+

Kubanyň häkimiýetleri giriş çäklendirmeleri gowşadylandan soň ýylyň ahyryna çenli 100 müňden gowrak daşary ýurtly syýahatçynyň bu ýurda gelmegine garaşýarlar. Bu barada respublikanyň Syýahatçylyk ministri Huan Karlos Garsia Granda metbugat konferensiýasynda aýtdy diýip, TASS habar berýär. 

“Biz ýylyň ahyryna çenli ýurda 100 müňden gowrak adamyň gelmegine garaşýarys, ýylyň başyndan bäri bize 200 müň syýahatçy geldi. Bu görkeziji bazara bagly, ýöne biz optimistik garaýarys” – diýip, edaranyň ýolbaşçysy belledi. 2019-njy ýylda bu ýurda 4,75 milliona golaý daşary ýurtly syýahatçy bardy.

Garsianyň aýtmagyna görä, noýabr aýynyň ortalaryndan ýaşamak üçin, takmynan, 4 müň sany täze otag işe giriziler, şeýle-de koronawirusa garşy ýerli serişdeler bilen sanjym almak mümkinçiligi hödürlener. 25-nji oktýabrdan kubaly raýatlar üçin dynç alyş zolaklarynyň köpüsi açyk bolar.

Kubanyň häkimiýetleri 15-nji noýabrdan ýurduň daşary ýurtly syýahatçylar üçin doly açyljakdygyny habar berdi. Kesel hadysalarynyň azalýandygy sebäpli, Gawananyň ýolbaşçylygy kenarlary açmak, şeýle-de sport klublaryna we basseýnlere işlemäge rugsat bermek kararyna geldi. 

7-nji noýabrdan adanyň häkimiýetleri ýurda gelenlerinden soň daşary ýurtly syýahatçylar üçin hökmany karantini ýatyrdy, 15-nji noýabrdan bolsa girişde koronawirus üçin PZR-barlagy hem ýatyrylar. Sanjym alan syýahatçylar ýurda gelenlerinde sanjym şahadatnamasyny görkezmeli bolarlar, koronawirusa garşy sanjym almadyklar bolsa ýurda gelmezden 72 sagat öň geçirilen PZR-barlagyň otrisatel netijesi barada kepilnama bermeli bolarlar. 


şu gün 16:40
902

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
5.3k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......