«Indiana Jons 5» filmi ýene bir ýyl yza süýşürildi

  • 20.10.2021 18:46
  • 2.3k+

Marvel we Disney kompaniýalary käbir filmleriniň prokatlara goýberiliş tertibine üýtgeşmeler girizdiler. Iň esasy üýtgeşme köp sanly yza süýşmelerden soň 2022-nji ýylyň 29-njy iýulynda tomaşaçylara hödürlenmegi meýilleşdirilen “Indiana Jons 5” filmine degişli boldy. Bu barada kinonews.ru habar berdi.

Indi film 2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda çykyp biler. Studiýadaky çeşmeler bu kararyň önümçiligiň gijikdirilmegi we dowam edýän koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda kino bazarlarynda dowam edýän amatsyz ýagdaý sebäpli kabul edilendigini aýdýarlar.

Şeýle hem Marvel-iň komikslerinden “Gara Pantera 2”-niň ekranlaşdyrmasynyň 2022-nji ýylyň 8-nji iýulyndan 11-nji noýabryna süýşürilendigi mälim boldy. "Doktor Strenj 2 we telbelik multiälemi" hem 25-nji martda däl-de, 2022-nji ýylyň 6-njy maýynda çykarylar.

Mundan başga-da, "Kapitan Marwel 2" filmi 2023-nji ýylyň 17-nji fewralyna süýşürildi.  "Garynja adamyň" üçünji bölümi bolsa 2023-nji ýylyň tomsuna geçirildi diýip, çeşme habar berdi.

düýn 15:42
1.9k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....

24.04.2026 16:14
2k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....

23.04.2026 11:43
3.5k+

Başyna çalma, egnine kimono geýen Günbatar Gündogara meňzäp barýar

Moda industriýasynda gündogar äheňlerindäki trendiň («oriental-core») meşhurlygy barha artyp barýar. Günbatar brendleriniň Aziýa we Ýakyn Gündogar medeniýetini durky-düýrmegi, matalarydyr nagyşlary bilen öz......

16.04.2026 22:53
1.8k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....