Toyota 2030-njy ýyla çenli elektrik ulaglary üçin $3,4 mlrd maýa goýar

  • 20.10.2021 18:55
  • 5.7k+

Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasy elektrik ulaglaryň ösüşi üçin 3,4 mlrd dollar maýa goýmagy maksat edinýär. Bu eýýäm 10 ýyldan meşhur ýapon brendiniň ähli lineýkasynyň elektrik bolup biljekdigini aňladýar. Häzirki wagtda esasy wezipe elektrokarlar üçin akkumulýatorlary işläp taýýarlamakdan ybarat. Bu barada carsweek.ru belleýär.

Bellenilen mukdaryň ep-esli bölegi hem hut şu serişdeler üçin sarp ediler. Ilki bilen ABŞ-nyň territoriýasynda awtomobil batareýalaryny öndürýän zawod gurlar, munuň üçin 1,29 mlrd dollar maýa goýlar.

Zawod 2025-nji ýyla çenli işläp başlar we onda 1 750 adam zähmet çeker. Şeýle-de, awtomobil batareýalarynyň täze görnüşleri taýýarlanylar, çünki agramy azaltmak, ýokarlandyrylan ýol ätiýajy hem-de has uzak ömür bu ugurda iň möhüm wezipelerdir. 

Demirgazyk Amerikada Toyota-nyň baş müdiri Ted Ogawa maýa goýumlaryň hasabyna kompaniýanyň elektromobilleri alyjylar üçin has elýeterli etjekdigini belleýär. Mundan başga-da, täze işläp düzmeleriň we materiallaryň kömegi bilen Toyota akkumulýatorlarynyň bahasyny 30 göterim arzanladar.


düýn 16:09
3.4k+

Toyota Ýaponiýada RAV4-iň iň kuwwatly nusgasyny hödürledi

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda 2026-njy ýylyň modeli bolan RAV4 krossoweriniň tokdan zarýad alýan gibrid (PHEV) görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täze nusga adaty öz-özüni zarýadlaýan gibridlere alternatiwa bolup hyzmat edýär we modeliniň häzirki hataryndaky iň güýçli wersiýasy bolup durýar...

25.02.2026 06:32
5.9k+

«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär...

25.02.2026 06:12
3.7k+

Toyota RAV4-leri adam şekilli robotlar ýygnap başlady

Toyota kompaniýasynyň Kanadadaky zawodynda Agility Robotics tarapyndan işlenip düzülen ýedi sany Digit atly gumanoid (adam şekilli) roboty işe girizildi. Bir ýyllyk synag möhletinden soň, bu robotlar RAV4 krossowerleriniň ýygnalyş prosesine doly goşuldy diýip, TechCrunch neşiri habar berýär...

23.02.2026 13:30
11k+

Toyota-nyň we Lexus-yň eýeleri 8 basgançakly «awtomat» karobkadaky meseleler sebäpli kazyýete arz etdiler

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň federal kazyýetinde Toyota kompaniýasyna garşy nobatdaky köpçülikleýin arza berildi. Bu gezekki şikaýatyň sebäbi - UA80 seriýaly 8 basgançakly awtomatiki geçiriji karobkadyr. Arza berijileriň tassyklamagyna görä, bu transmissiýanyň dizaýnynda iki sany düýpli kemçilik bar...