Finlýandiýada ilkinji awtomatik odun enjamy peýda boldy

  • 19.10.2021 14:06
  • 6.1k+

Finlýandiýanyň Oulu şäherinde odun satyn alyp bolýan ilkinji awtomatik söwda enjamy işläp başlady. Bu barada duşenbe güni MTV-3 teleýaýlymyna salgylanyp, TASS habar berdi.

Ideýanyň awtory Walto Waaraniemi bu pikiriň Laplandiýadaky derýalarynyň birinde gaýykda dörändigini aýtdy. Ol dostlary bilen büzmeç gowurmakçy bolanda, şol töwerekden odun tapmandygyny belleýär. "Şonda biz şu ýerde odun awtomaty bolan bolsa, gowy bolardy diýip degişipdik" diýip, Waaraniemi ýatlaýar. 

Indi bolsa şeýle enjam eýýäm Oulu şäheriniň çägine degişli bolan Hietasaari adasynda açyldy. Onda bir gujak odunyň bahasy 3,95 ýewro bolup, söwda enjamyna 30 gujak odun ýerleşýär. Odunyň muzduny mobil telefon arkaly töläp bolýar. Munuň üçin ýörite web sahypasyna girip, awtomatyň koduny we e-poçta salgyňyzy girizmeli hem-de töleg usulyny saýlamaly.

Waaranieminiň pikiriçe, beýleki şäherleriň wekilleri eýýäm enjamlary gurnamak bilen gyzyklandylar, emma häzirlikçe enjam synag tapgyryny başdan geçirýär. Ol özüniň döreden enjamynyň hatda dünýäde ilkinji bolup biljekdigini hem belläp geçdi.


31.05.2025 16:21
10k+

Finlýandiýada gadymy rus galasy 1 ýewro satyldy

Finlýandiýanyň Kotka şäherinde ýerli hökümet Senaatti-kiinteistöt döwlet kompaniýasyndan gadymy Kýuminlinna (Kýumenegorod) galasyny satyn aldy. Şertnamanyň bahasy simwoliki 1 ýewro boldy. Öňki eýesi çykdajysynyň aşa köpdügi sebäpli emlägi saklamakdan ýüz öwürdi diýip, RBK ýazýar...

22.03.2025 23:31
9.2k+

Finlýandiýa sekizinji gezek dünýäniň iň bagtly ýurdy hökmünde saýlandy

Finlýandiýa ýaşaýjylaryň bagtly bolmagynyň derejesine esaslanýan ýurtlaryň täzelenen reýtinginde yzygider sekizinji gezek birinji orny eýeledi. Bu BMG-niň tabşyrygy boýunça hünärmenler topary tarapyndan taýýarlanýan Bütindünýä...

03.11.2024 07:44
5.3k+

HMD ekrany ulaldylan täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny çykardy

HMD Global kompaniýasy täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny hödürledi. 2024-nji ýylyň modeli baradaky jikme-jiklikler öndürijiniň resmi web sahypasynda paýlaşyldy. Täze önüm diagonaly 1,77 dýuým bolan öňki modelleriň...

20.09.2024 23:46
20k+

Öý alanyňdan hem arzan: finlýandiýaly jübüt jaýyň ýerine ada satyn aldy

Finlýandiýaly 24 ýaşly Oliwer Rassell we 20 ýaşly Helena Tomaşewskaýa arzuw edýän jaýyny gurmak kararyna geldiler, ýöne adaty ýaşaýyş jaýynyň deregine has özboluşly çözgüt tapyp, ýaşalmaýan ada satyn aldylar. Bu...