New Shepard gämisi ikinji adamly uçuşyny amala aşyrdy

  • 18.10.2021 19:06
  • 8.9k+

Jeff Bezosyň Blue Origin kompaniýasy tarapyndan gurnalan New Shepard suborbital gämisi borty dört adamdan ybarat ekipaž bilen ikinji uçuşyny amala aşyrdy. Uçuş kompaniýanyň saýtynda ýaýlyma berildi. Bu barada www.m24.ru habar berýär.

Raketa ýerli wagt bilen 09:50-de ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Wan-Horn şäheriniň golaýyndaky kosmodromdan uçdy. Gämi 100 kilometrden gowrak belentlige galdy, raketa göterijisi bolsa kosmodroma dolanyp, asuda gonuşy amala aşyrdy.  

New Shepard-yň uçuşy 10 minutdan gowrak wagt dowam etdi, şondan soň gämi paraşýutlaryň kömegi bilen kosmodromdan birnäçe kilometr uzaklykda gondy. Kosmos syýahatçylaryny Bezosyň özi garşylady.

Ekipažyň düzümine Blue Origin-iň missiýalar we uçuşlar boýunça wise-prezidenti Odri Pauers, Dassault Systemes kompaniýanyň bölümçesiniň wise-başlygy Glen de Wris, NASA-nyň öňki inženeri we Planet Labs kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Kris Boşuizen we “Ýyldyz ýoly” ylmy-fantastik filmde baş keşpleriň birini ýerine ýetiren 90 ýaşly aktýor Uilýam Şatner girdi. Artist kosmos giňişligine haçan hem bolsa uçan adamlaryň arasynda iň garrysy boldy. 

Ýatlap geçsek, 20-nji iýulda bortunda Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos bolan New Shepard gämisi ilkinji ýolagçy uçuşyny amala aşyrdy. Uçuş on bir minut dowam etdi.

Bezosdan öň suborbital uçuşy Virgin Galactic kompaniýasynyň bortunda esaslandyryjysy milliarder Riçard Brenson bolan Unity-22 gämisi amala aşyrdy.


02.02.2026 18:41
2.4k+

Bezosyň Blue Origin kompaniýasy syýahatçylyk uçuşlaryny iki ýyllyk togtadýar

Blue Origin kosmos kompaniýasy serişdelerini NASA bilen baglaşylan şertnamalara gönükdirmek maksady bilen, suborbital uçuşlary azyndan iki ýyl möhlet bilen togtadýar diýip, The New York Times neşiri ýazýar. Bu çözgüt Artemis Aý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň zerurlygy bilen düşündirilýär...

23.01.2026 14:46
1.4k+

Bezosyň kompaniýasy 6 Tbit/s maglumat geçirijilik tizligi bilen Starlink-iň bäsdeşini döreder

Jeff Bezosyň Blue Origin kompaniýasy orbitada 5408 hemradan ybarat TeraWave aragatnaşyk toruny işe girizmegi meýilleşdirýär diýip, CNBC habar berýär. Taslama maglumat merkezlerine, döwlet edaralaryna we korporatiw ulanyjylara hyzmat etmäge gönükdirilendir...

23.12.2025 13:31
7.1k+

Mihaela Benthaus maýyp arabasynda kosmosa uçan ilkinji adam boldy

Germaniýaly 33 ýaşly aerokosmos inženeri Mihaela Benthaus maýyp arabasynda kosmosda bolup gören ilkinji adam hökmünde taryha girdi. Uçuş Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard suborbital kapsulasynda amala aşyryldy diýip, CNN habar berýär...

27.11.2025 13:17
4.5k+

NASA-nyň ESCAPADE Mars zondundan düşürilen ilkinji suratlary çap edildi

NASA Marsa tarap barýan ESCAPADE zondundan alnan ilkinji suratlary hödürledi. Suratlar apparatyň kadaly işleýändigini we öz işlerini ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklaýar. ESCAPADE missiýasy 14-nji noýabrda Blue Origin kompaniýasynyň New Glenn super agyr raketasynyň kömegi bilen badalga aldy...