Dünýäniň iň garyp ýurtlarynyň bergisi 2020-nji ýylda rekord derejede 860 mlrd dollara ýetdi

  • 18.10.2021 19:01
  • 18k+

COVID-19 pandemiýasy sebäpli pes girdejili ýurtlaryň karz ýüki 2020-nji ýylda 12% ýokarlanyp, rekord derejede 860 mlrd dollara ýetdi. Şeýle hasap Bütindünýä bankynyň (BB) neşir edilen hasabatynda getirilýär diýip, TASS habar berýär.

Resminama berlen metbugat relizinde bellenilişi ýaly, dünýä ýurtlary koronawirusa garşy göreşe we onuň ýaýramagynyň ykdysady netijelerini ýeňip geçmäge gönükdirilen dürli, giň gerimli çäreleri girizmek bilen, pandemiýa garşy jogap berdiler. Berlen maglumatlara görä, pes we orta girdejili ýurtlaryň ählisiniň daşarky karzy geçen ýyl 5,3% ýokarlanyp, 8,7 trln dollar boldy.

Bütindünýä bankynyň metbugat gullugynyň bellemegine görä, bergi görkezijileriniň ýaramazlaşmagy “dünýäniň ähli sebitindäki ýurtlara täsir eden, giňden ýaýran hadysa boldy”. “Bize karz meselesine karzy azaltmak, has çalt üýtgedip gurmak we ýokary aç-açanlyk bilen birlikde toplumlaýyn çemeleşmek gerek. Kadaly karz derejesi ykdysady dikeldiş we garyplygy azaltmak üçin örän möhümdir” – diýip, Bütindünýä bankynyň prezidenti Dewid Melpas aýdýar.

Melpasyň pikiriçe, umuman, dünýä ykdysadyýetiniň pandemiýanyň netijelerinden dikeldilmegi birsydyrgyn däl. “Ösüp barýan ýurtlaryň köpüsi üçin perspektiwalar sanjym depgininiň haýal bolmagy, inflýasiýanyň ýokarlanmagy, çäkli goldaw, iş orunlarynyň az bolmagy, azyk, suw we elektrik ýetmezçiligi sebäpli kyn” – diýip, Melpas Halkara pul gaznasynyň we BB-niň dolandyryjy edaralarynyň ýyllyk güýzki sessiýasynda eden çykyşynda aýtdy. Şeýle-de, Melpas BB-niň dünýä ykdysadyýetiniň şu ýyl 5,7%, indiki ýyl 4,4% ösmegine garaşýandygyny belledi. Hasaplamalara görä, ösen ykdysadyýetli ýurtlarda adam başyna düşýän girdeji şu ýyl tas 5%, pes girdejili ýurtlarda 0,5% ýokarlanar.


03.04.2026 14:41
8.2k+

Bütindünýä banky dünýäde zibil möçberiniň gorkuly derejede çalt artýandygyny duýdurdy

Dünýäde gaty öý-hojalyk galyndylarynyň möçberi çalt artmagyny dowam etdirýär we 2050-nji ýyla çenli 3,9 milliard tonna ýetip biler. Bu barada Bütindünýä bankynyň «What a Waste 3.0» atly hasabatynda aýdylýar....

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....

şu gün 15:52
1k+

Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär....

şu gün 12:00
1.9k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....