Gazagystan 2022-nji ýylda GDA döwletleriniň bilim pudagynda hyzmatdaşlyk Geňeşine ýolbaşçylyk eder

  • 15.10.2021 13:47
  • 4.9k+

Indiki ýyl Gazagystan tarapy GDA döwletleriniň bilim pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň başlygy bolar. Bu barada Gazagystanyň Bilim we ylym ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Gazagystan 2022-nji ýylda GDA döwletleriniň bilim pudagynda hyzmatdaşlyk Geňeşine başlyklyk eder. Şeýle-de, ýurtda GDA agza ýurtlaryň mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň VII gurultaýy geçiriler” – diýlip, habarda aýdylýar.

Edaranyň maglumatlary boýunça, şeýle karar Geňeşiň Ermenistanda geçirilen mejlisinde kabul edilipdi. “Mejlisde 19 mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Geňeş agza ýurtlaryň bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy boýunça döwletara maksatnamalary we meýilnamalary tassyklady. Indi döwletler okuwçylar we ylmy-pedagogik işgärler bilen alyş-çalyş etmek ugrundaky işleri güýçlendirer, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňelder, bilim pudagynda özara gatnaşyk etmek boýunça döwletara maksatnamalary baglaşar” – diýip, Ministrligiň bilim we ylym pudagynda hili üpjün etmek boýunça komitetiniň başlygy Gulzat Kobenowa aýtdy.

Metbugat gullugy respublikada meýilleşdirilen GDA ýurtlarynyň mugallymlarynyň we bilim işgärleriniň gurultaýynda mowzugyň täze hakykat we pandemiýadan soňky döwürde bilim prosesini özgertmek boljakdygyny belledi.

2022-nji ýylda GDA-da başlyklyk Belarusdan Gazagystana geçer.


düýn 18:58
2.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

30.05.2026 17:05
9.3k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

15.05.2026 07:27
3k+

Gazagystanyň mekdeplerinde emeli aň ornaşdyrylyp başlanar

Gazagystanyň Prezidenti emeli aň tehnologiýalaryny orta bilim ulgamyna ornaşdyrmak baradaky Permana gol çekdi. Resminama mekdeplerde emeli aňy tapgyrlaýyn ulanmagy we okatmagyň täze usullaryny işläp......

25.04.2026 19:30
2.7k+

Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýokary bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Astana şäherinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gazagystanyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbegiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu......