«Barselona» «Kamp Nou» stadionyny 100% doldurmaga rugsat aldy

  • 15.10.2021 08:32
  • 5.2k+

“Barselona” öz öýünde geçirilýän oýunlarda stadiony doly doldurmaga rugsat aldy. Kataloniýanyň Ženeralitetiniň prezidenti Pere Aragones medeni we sport çärelerine gatnaşmak üçin çäklendirmeleriň ýatyrylandygyny habar berdi diýip, sports.ru belleýär.

Şeýlelik bilen, indiki oýunlarda “Kamp Nou” 100 göterim doldurylyp bilner.
17-nji oktýabrda “Barselona” öýünde La Ligadaky oýunda “Walensiýany”, 20-nji oktýabrda Çempionlar ligasynyň oýnunda Kiýewiň “Dinamosyny” kabul eder.


şu gün 11:44
5.7k+

«Atletiko» garşy salnan üç gol «Barselonany» ýurduň Kubogynyň finalyna çykaryp bilmedi

4-nji marta geçilýän gije Barselonada Ispaniýanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň jogap oýnunda «Barselona» bilen Madridiň «Atletikosy» duşuşdy. Kataloniýalylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy, emma finala çykmak üçin bu hasap ýeterlik bolmady...

01.03.2026 10:48
7k+

«Barselonanyň» wingeri Lamin Ýamal karýerasynda ilkinji gezek het-trik etdi

Ispaniýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Barselonanyň» oýunçylary öz meýdançasynda geçirilen oýunda «Wilýarrealy» 4:1 hasaby bilen ýeňdi. Bu duşuşykda 18 ýaşly Lamin Ýamal karýerasynda ilkinji gezek het-trik etmegi başardy...

25.02.2026 10:05
5.1k+

«Barselona» maliýe jenaýaty baradaky aýyplamany ýörite taýýarlanan töhmet diýip atlandyrdy

«Barselona» futbol kluby ýolbaşçylaryň maliýe jenaýatlaryna gatnaşygy baradaky aýyplamalara jogap edip, resmi beýan bilen çykyş etdi. Derňew işine bir janköýeriň administrasiýany pul işlemekde we bikanun komissiýa almakda aýyplap beren arzasy sebäp boldy...

24.02.2026 14:20
15k+

«Bize aklymyzdan azaşandyrys öýtdüler»: «Barselona» Ýamaly €250 milliona PSŽ-ä satmakdan ýüz öwürdi

«Barselona» futbol kluby mundan iki ýyl ozal hüjümçi Lamin Ýamal üçin «Pari Sen-Žermeniň» hödürlän 250 million ýewrolyk transfer teklibini ret etdi. Bu maglumaty katalon klubynyň öňki prezidenti Žoan Laporta tassyklady...