Russiýada Bütindünýä mamont merkezi döredilip bilner

  • 15.10.2021 08:27
  • 4.2k+

Bütindünýä mamont merkezini döretmek we gurmak meseleleri ýakynda Ýakutiýanyň baştutany Aýsen Nikolaýew bilen wideokonferensiýa arkaly geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada www.vokrugsveta.ru habar berdi.

Mamont faunasyna degişli ähli tapyndylaryň 90%-den gowragy Ýakutiýa getirilýär. Şonuň üçin Bütindünýä mamont merkezi şu ýerde döredilip bilner. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi paleontologik tapyndylary saklamak we öwrenmek üçin häzirki zaman infrastruktura desgalarynyň döredilmegini, şeýle hem ylmy, medeni, etnografiki we ekspedisiýa syýahatçylyk toparyny döretmegi göz öňünde tutýar.

“Bütindünýä mamont merkezini döretmek we gurmak meseleleri hökman çözülmeli. Russiýanyň häzirki wagtda başlyklyk edýän Arktika Geňeşiniň derejesinde anyk teklip hödürlemeli bolarys. Bu obýekti maliýeleşdirmek diňe federal býudjetiň goldawy bilen çözülip bilner" diýip, Aýsen Nikolaýew aýtdy.

Şeýle hem sebitiň ýolbaşçysy Bütindünýä mamont merkezini döretmek pikirini gutarnykly ýagdaýa getirmegi we desganyň gurluşygy üçin amatly ýer saýlamagy tabşyrdy.


18.04.2026 15:16
2.9k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

15.04.2026 20:08
5.3k+

Moskwada dünýäniň iň uzyn tramwaý ugry ulanylyşa girizildi

Moskwada ikinji tramwaý diametri (T2) ulanylyşa girizildi, ol şeýle görnüşdäki ugurlaryň arasynda iň uzyny boldy. Paýtagtyň häkiminiň saýtynda habar berlişi ýaly, onuň uzynlygy 33 kilometre barabar....

01.04.2026 16:26
1.4k+

Aşgabatda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi

Aşgabatda 27–29-njy mart aralygynda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi. Çäre Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermegi bilen «ROSKINO»......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....