Türkmenabatda birbada 4 gatly jaýlaryň 17-si, 2 gatly kottejleriň 70-si açyldy

  • 12.10.2021 08:48
  • 13k+

9-njy oktýabrda Lebap welaýatynyň merkezi — Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda gurlan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde 17 sany 4 gatly we 70 sany 2 gatly kottej görnüşli täze ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi.

Onuň açylyş dabarasyna Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar, gurluşykçylar gatnaşdylar. Ýaşaýyş toplumynyň umumy eýeleýän meýdany 23 gektara barabardyr. Täze binalar şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň, Türkmenabat şäher häkimliginiň ýanyndaky “Şähergurluşyk we hyzmat” döwlet kärhanasynyň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki “Demirbetonönümleri” hem-de “Demirbetonkonstruksiýa” edaralary tarapyndan bina edildi.

544 maşgala niýetlenen 17 sany täze ýaşaýyş jaýlarynyň hersinde 32 sany 3 we 4 otagly, ähli amatlyklary bolan öýler ýerleşdirildi. Kottej jaýlaryň hemmesi 5 otagly. Şeýlelikde, 3 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleýän meýdany 105 inedördül metre, 4 otaglylarynyňky bolsa 123 inedördül metre barabardyr.

241,5 inedördül metr meýdany bolan kottej jaýlarynda türkmen halkynyň asylly dessurlaryna laýyklykda, baýramçylyk we maşgala dabaralaryny guramak, myhman kabul etmek, sadaka bermek hem-de beýleki dabaralary geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy. Jaýlaryň gurluşygy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş dessuryna we häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirildi. Kottejleriň gurluşygynda ýerli çig mal serişdelerinden taýýarlanylan ýokary hilli gurluşyk materiallary peýdalanyldy.

Gurluşykçylar we bezeg işlerini ýerine ýetirýänler täze binalaryň abadanlaşdyrylyşyna aýratyn ähmiýet berdiler. Ýagty otaglar, özboluşly bezeg aýratynlyklary, aşhanadaky mebeller bu ýere göçüp gelýänleriň göwnünden turýar. Jaýlarda goýlan mebeller ýerli hususy kärhanalar tarapyndan taýýarlanyldy.


düýn 23:23
659

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

30.04.2026 18:37
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

30.04.2026 16:55
2.5k+

«Watan» kinokonsert merkezi Beýik Ýeňşi bilelikde bellemäge çagyrýar

9-njy maýda «Watan» kinokonsert merkezinde «Beýik Ýeňiş — kalplarda» («Великая Победа – в сердце каждого») atly konsert geçiriler....

30.04.2026 16:17
3.5k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....