Akyl dişleri näme üçin giç çykýar?

  • 10.10.2021 17:01
  • 29k+

Amerikaly alymlar hemişelik diş hatarynyň altynjy, ýedinji we sekizinji dişleriniň adamlarda belli bir ýaşda çykmagynyň sebäbini öwrendiler. Mälim bolşy ýaly, hataryň iň soňky dişlerine akyl dişleri hem diýilýär.

Ferra.ru web sahypasynyň ýazmagyna görä, barlagçylar dürli jandar görnüşleriniň kelleleriniň 3D modelini döretdiler. Olar beden ulaldygyça kelläniň üýtgeýşine syn etdiler we  äňleriň ösüş depginine gözegçilik etdiler.  Netijede, her azy dişiniň çykyşy ýeriň we wagtyň takyk gatnaşygy bilen kesgitlenýändigini anykladylar. Bu dişler özüniň çykmagy bilen paralel ösýän temporomandibulýar bogunlaryň işine päsgel bermeli däldir. Eger-de olar gaty ir çyksa, onda çeýneme mahalynda äň bogunyna şikes ýetirip biler.

Umuman alanyňda, azy dişleriniň, şol sanda akyl dişleriniň peýda bolmagy äňiň ösmegine we dowamlylygyna baglydyr we ol primatlarda öz gezeginde ömrüň dowamlylygyna bagly bolup durýar.


şu gün 20:00
116

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
386

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.7k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......