Futbol boýunça Ýewropa çempionaty-2024-iň nyşany tanyşdyryldy

  • 09.10.2021 15:56
  • 6.1k+

UEFA 2024-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň nyşanyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Ýewro-2024-iň nyşany Ýewropa ýurtlarynyň 55-siniň baýdagy üçin umumy alty reňki, şeýle hem final oýnunyň geçiriljek ýeri bolan Berlin "Olimpiaştdadionynyň" çyzgylaryny özünde jemleýär.

Belläp geçsek, Ýewropa çempionaty-2024 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýada geçiriler. Final tapgyrynyň bije çekilişigi 2023-nji ýylyň dekabrynda Elbe filarmoniýasynda geçiriler. Final tapgyrynda alty toparçada 24 topar çykyş eder.

Germaniýa ýaryşyň ýer eýesi hökmünde Ýewropa çempionatynyň gönüden-göni final tapgyryna çykdy, galan gatnaşyjylar saýlama tapgyrynyň netijelerine görä kesgitlener. Saýlama ýaryşy üçin bije çekilişigi 2022-nji ýylyň dekabrynda geçiriler.


şu gün 09:11
317

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.3k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......