Indoneziýada plastik galyndylardan täsin muzeý döredildi

  • 07.10.2021 12:34
  • 13k+

Ýakynda Indoneziýanyň Gresik şäherinde plastik galyndylardan döredilen täze üýtgeşik muzeý açyldy. Bu barada Reýter agentligine salgylanyp, TJ neşiri habar berdi.

Täsin muzeýde suw howdanlarynda we kenarýakalarda ýygnanan 10 müň plastik çüýşe, plastik turbalar, plastik torbalar görkezilýär. Bu ýerde esasy eksponat ýawanlarda gülläp-ösüşiň hudaýy hasaplanýan Dewi Şriniň şekili bolup, onuň köýnegi plastik gaplardan ýasalypdyr. Bu sergini taýýarlamak üçin üç aý gerek boldy diýip, çeşme habar berýär.

Bu sergini guran we döreden aktiwistler ummanlarda üýşýän plastik hapalara adamlaryň ünsüni şeýdip çekip boljakdygyna ynanýarlar. Bir gezek ulanylýan plastmassany gaýtadan işlemek juda kyn we ol suw desgalaryny erbet hapalaýar, şonuň üçin hem jemgyýetçilik işgärleri bu ýagdaýdan basymrak baş alyp çykmaly diýip hasaplaýarlar.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

24.05.2026 20:45
2.8k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....