Apple wideo oýunlaryndan gazanan girdejisi boýunça iň uly kompaniýa boldy

  • 06.10.2021 08:13
  • 3k+

Apple wideo oýunlaryny döretmezden, oýun pudagynda gazanan girdejisi boýunça iň uly oýunçy boldy diýip, “The Wall Street Journal” neşiri habar berýär. 2019-njy ýylda kompaniýanyň oýunlardan gazanan girdejisi Microsoft, Nintendo, Activision we Sony kompaniýalarynyň bilelikdäki gazananyndan 2 mlrd dollar ýokary boldy diýip, kanobu.ru habar berýär.

Kupertinoly kompaniýa, aslynda, hiç hili oýun çykarmaýar. Ýöne kompaniýa App Store dükanynda pul gazanýar. Ýagny, Apple ol ýerde beýleki işläp düzüjileriň müňlerçe oýunlaryny satýar we her satuwdan 30% möçberinde komissiýa alýar. 

Hasabata görä, Apple 2019-njy ýylda oýunlardan 8,5 mlrd dollar gazandy. 2020-nji ýylda Hytaýda işlenip düzülen App Store-de iň girdejili üç oýun kompaniýa 2,5 mlrd dollar getirdi. Şol ýylda ulanyjylar App Store dükanyndaky oýunlara 45 mlrd dollar sarp etdiler, onuň 31%-i Hytaýyň ulanyjylaryna, 26%-i ABŞ-nyň ulanyjylaryna degişli. Bu Apple kompaniýasyna 13,5 mlrd dollar ýa-da umumy girdejiniň (275 mlrd dollar) 5%-ini getirdi.

Şeýle-de, hasabatda oýunçylaryň, takmynan, 6%-iniň 2017-nji ýylda girdejiniň 88%-ini getirendigi bellenilýär. Ortaça, olar ýylda 750 dollar sarp etdiler, oýunçylaryň 1%-i bolsa adam başyna ortaça 2694 dollar sarp etdi.

2024-nji ýylda wideo oýunlaryndan gelýän global girdejiniň 198 mlrd dollara çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Olardan 103 mlrd dollar mobil oýunlarynyň paýyna düşer. 


19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....