Türkmen-özbek ykdysady forumynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine gol çekildi

  • 05.10.2021 10:43
  • 11k+

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana resmi saparynyň çäklerinde Daşkendiň ägirt uly häzirki zaman toplumynda — “Ýaşnabad” innowasion tehnoparkynda türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine, şol sanda jemi ABŞ-nyň 13,5 million dollaryna golaý bolan eksport-import amallaryny amala aşyrmak baradaky resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalaryna açyk asmanyň astyndaky meýdançada goýlan, Özbegistanda öndürilýän awtoulaglar hem-de oba hojalyk tehnikalary görkezildi, bu tehnikalar eýýäm Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özüniň netijelidigini subut etdi. Binanyň içinde hem daşary bazarlarda uly islege eýe bolan Özbegistanda öndürilýän harytlaryň dürli görnüşleri görkezildi.

Iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewürler toparlarynyň ýolbaşçylarynyň syn beriş çykyşlarynda dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna işjeň goşulyşýan goňşy ýurtlaryň üstünlikli amala aşyrýan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň many-mazmuny açylyp görkezildi.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işi hem giňden beýan edildi. Forumyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary geljegi has uly bolan ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleriň birnäçesini bellediler. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, önümçilik birleşmelerini giňeltmek we çuňlaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, täze tehnologik işläp düzmeleri ulanmak hem-de innowasion ykdysadyýeti döretmek boýunça işjeň tejribe alyşmak bilelikdäki işiň esasy ugrudyr.

Forum tamamlanandan soň, aýry-aýry ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet we hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.


şu gün 11:56
1.4k+

Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny Waýtangi güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli General-gubernator hanym Sindi Kiro we ýurduň halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady. Gutlag hatynda Döwlet Baştutany hanym Sindi Kiro berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi...

düýn 23:01
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde FAO bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we meýilnamalary maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy...

düýn 22:58
2.3k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...

düýn 18:27
3.6k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...