Ýewropada gazyň bahasy ilkinji gezek 1 müň kub metr üçin 1200 dollardan geçdi

  • 05.10.2021 02:01
  • 3.6k+

4-nji oktýabrda geçirilen söwdanyň dowamynda Ýewropada gazyň bahasy ilkinji gezek 1 müň kub metr üçin 1200 dollardan geçip, ýene rekordy täzeledi. Muny ICE biržasynyň maglumatlary delillendirýär diýip, TASS habar berýär.

Niderlandlardaky TTF merkezinde noýabr fýuçersiniň bahasy söwdanyň dowamynda 1 müň kub metr üçin 1200,36 dollara ýa-da MWt/s üçin 99,99 ýewro (häzirki ýewronyň dollara gatnaşygynda walýuta hümmetini göz öňünde tutup, ICE biržasynda bahalar MWt/s üçin ýewroda görkezildi) ýetdi.

Geçen hepde Ýewropada gazyň bahasy taryhda ilkinji gezek 1 müň kub metr üçin 1000 dollardan, soňra 1100 dollardan geçdi.


02.06.2026 12:40
2.9k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
11k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
21k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...